Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna täze tabşyryklary berdi

Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna täze tabşyryklary berdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biriniň nebitgaz pudagyny ösdürmekden we ony döwrebap ýagdaýa getirmekden ybaratdygyny belledi.

Şeýle hem uglewodorodlary gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleri döretmekden, onuň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden, şeýle-de energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli turbageçiriji ulgamyny emele getirmekden ybaratdyr diýip, milletiň Lideri nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilmelidir, täze känleri gözlemek, özleşdirmek we önümleri çykarmak, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça taslamalary ýerine ýetirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlary köp çekilmelidir.

Milletiň Lideri nebitiň, tebigy gazyň we gaz kondensatynyň gorlaryny artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, täze känleri gözlemek maksady bilen, Barsagelmez, Goturdepe, Demirgazyk Goturdepe, Nebitdag, Altyguýy, Uzynada, Günorta Uzynada, Keýmir, Akpatlawuk känleriniň işjeň ösdürilmelidigini, Galkynyş gaz käninde alnyp barylýan işleriň hem dowam etdirilmelidigini nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutany nebitiň düýpli gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak hem-de ýokary goşulan bahasy bolan täze önümleri öndürmek boýunça-da zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen bir hatarda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna sanly ulgamy ornaşdyrmak, türkmen tebigy gazyny daşarky bazarlara ibermegiň möçberlerini artdyrmak hem-de onuň täze ugurlarynyň hasabyna energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hem netijeli işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak boýunça strategik taýdan möhüm taslama işjeň amala aşyrylmalydyr, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak boýunça işler hem dowam etdirilmelidir diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
Milli ykdysadyýetiň girdejili pudagy
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki eden çykyşy
2021-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkezijini gazandy
Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär
Türkmenistanyň günbatarynda tebigy gazyň täze senagat akymy alyndy