Gurhana Edilýän Kemsitmeler Gumanitar Jenaýatdyr

Gurhana Edilýän Kemsitmeler Gumanitar Jenaýatdyr

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş käbir günbatar ýurtlarynda Gurhana edilýan kemsitmeleriň gumanitar jenaýatdygyny aýtdy.

Kurtulmuş “Ilçileriň 14-nji maslahatynyň” çäginde Ankara gelen ilçileri Mejlisde kabul etdi.

Günbatar ýurtlaryndaky meçew beriji aksiýalar hakynda durup geçen Kurtulmuş; “Günbatarda Gurhanyň ýakylmagy meselesi diňe käbir faşistlerin musulmanlara garşy kemsitmesi hökmüde görülmeli däl. Bu waka adamzada edilen açyk gumanitar jenaýatdyr. Muňa häzirki wagtda syýasy sebäplerden synçy bolup galýanlar aslyna özleriniň soňuňy taýýarlaýar. Ýewropadaky bu rasist yslam duşmany akymlaryn güýçlenmegi, Ýewropanyň parasatly we durnukly syýasat garaýyşyna zeper ýetirýär” diýdi.

Kurtulmuş Türkiýäniň yslam duşmançylygy boýunça eýeleýan ynsanperwer çemeleşmesiniň Ýewropanyň halklarynyn demokratik geljegi taýdan iňňän gymmatly başlangyçdygyny beýan etdi.

Kurtulmuş Türkiýäniň parahatçylykly, durnukly we ynama esaslanýan daşary syýasat alyp barýandygyny nygtady.

Türkiýäniň öz sebitini ugrukdyrma mejburlygyny duýýan ýurtlardan biridigini nygtan Kurtulmuş; “İndi Türkiýe şeýle güýje, gudrata eýe” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda metjitlere gözegçilik güýçlendirilip, “aşa dindarlar” gözlenýär
Häkimiýetler Balkanda dindarlaryň öýüni dökýär, dini eserleri ýygnaýar
Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde kalligrafiýa sungatynyň, Gurhan kitabynyň sergisi açyldy
Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär
Türk: Gurhana Edilýän Äsgermeçilikleri Kabul Edilmesiz
Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'