Aşgabadyň ýaşaýjylary indi şäheriçi awtobuslaryň hereketini onlaýn yzarlap bilerler

Aşgabadyň ýaşaýjylary indi şäheriçi awtobuslaryň hereketini onlaýn yzarlap bilerler

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary Duralga ykjam goşundysynyň kömegi bilen Aşgabatdaky şäheriçi ýolagçy awtobuslarynyň gatnaw ugurlary we wagtlary baradaky anyk maglumatlar bilen tanşyp bilerler. Munuň üçin olar Duralga ykjam goşundysyny iOS we Android platformalaryndan ýükläp almalydyrlar.

Ýolagçylar smartfonlaryndan ykjam goşundyny ulanyp, onlaýn ýagdaýda awtobusyň belli bir duralga näçe wagtda barjakdygyny bilip bilerler. Munuň üçin Aşgabatdaky Hyundai kysymly ýolagçy awtobuslaryna ulaglaryň ýerleşýän ýeri barada maglumat berýän GPS yzarlaýjy enjamlar ornaşdyryldy.

Ýolagçylar hyzmaty ulanmak üçin Duralga ykjam goşundysyna girmeli we Aşgabadyň islendik künjüni saýlap, özlerine gerekli awtobus duralgasyny tapmaly.Ondan soň durmak nyşanyna basyp, gitmek isleýän ugurlaryny saýlamaly.Soňra ýolagçylar kartadan özlerine iň ýakyn duralgany we awtobus ugurlaryny tapmaly.

Awtobuslar döwlet bellige alyş belgilerine görä bellik edilýär (mysal üçin 1545 AGG). Ýolagçylar awtobusyň näçe wagtdan bellenilen nokada barjakdygyny kartanyň üsti bilen anyklap bilerler.

Ykjam goşundy täze awtobus ugurlary we duralgalar baradaky maglumatlar bilen yzygiderli doldurylýar we täzelenýär. Olary ýükläp almak üçin ulanyjylar Google Play we AppStore internet dükanlaryndan Duralga ykjam goşundysyny täzelemeli. Ykjam goşundyny türkmen, rus we iňlis dillerinde ulanyp bolýar.

Duralga ykjam goşundysyny şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

“Duralga” ykjam goşundysy şäheriçi awtobuslaryň hereketi barada maglumat berer
Onlaýn taksi we Duralga hyzmatlarynyň işe girizilmegine laýyk bir ýyl boldy
Duralga programmasy Aşgabatda awtobuslaryň hereketini yzarlamaga kömek edýär
10-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Awtobus ugurlary we duralgalary barada onlaýn maglumat berýän “Duralga” ykjam goşundysy döredildi
Duralga mobil goşundysynyň näsazlyklary aradan aýryldy