Aşgabadyň ýaşy 40-dan geçen ýaşajjylaryna “ýokanç keselleriniň” profilaktiasy üçin dermanlar paýlanýar

Aşgabadyň ýaşy 40-dan geçen ýaşajjylaryna “ýokanç keselleriniň” profilaktiasy üçin dermanlar paýlanýar

Aşgabadyň poliklinikalarynyň lukmanlary öz etrabyndaky ýaşy 40-dan geçen ýaşaýjylaryna ýokanja garşy profilaktika üçin çişmä garşy “Reconil” (gidroksihlorohin) we “Parasetamola” dermanlaryny paýlap, ýokanç profilaktikasynda ulanmagy maslahat berýärler diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Saglykçylar “Koronawirus” ýa-da “Covid-19” sözlerini ulanman, diňe ýokanç diýýärler.

Lukmanlar “Reconil” (gidroksihlorohin) dermanyny günde iki gezek nahardan soňra içmegi maslahat berýärler.

Şol bir wagtyň özünde, BSG-nyň internet sahypasynyň habaryna görä, bu dermany “Covid-19-iň” bejergisi we profilaktikasy üçin ulanmak maslahat berilmeýär. Geçirilen barlaglar onuň koronawirusa garşy göreşde peýdasyzdygyny görkezdi.

Saglykçylar ilaty rahatlandyrmaga çalyşyp, ýokanjyň akymynyň peselýändigi we ölenleriň sanynyň azalýandygy barada gürrüň berýärler.

Emma, “TH-niň” žurnalistleri şeýle zatlary entek görmeýärler.

Hassahanalarda owalkylary ýaly orunlar ýetmezçilik edýär. Gonamçylyklarda ýogalanlary jaýlamak üçin çukur gazýan işçiler ýetişmeýärler we köplenç bu işe ölenleriň hossarlaryny çekýärler.

“TH-niň” habarçylarynyň maglumatyna görä, Ahal welaýatynyň Nohur obasynda günde azyndan 2-3 adam jaýlanýar.

The post Aşgabadyň ýaşy 40-dan geçen ýaşajjylaryna “ýokanç keselleriniň” profilaktiasy üçin dermanlar paýlanýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Häkimiýetler "goňşy welaýatda ýygymçy ýok" diýip, balkanly býujetçileri, esgerleri Ahalyň pagta meýdanlaryna ugradýar
COVID-19: Barha köp adam wirusa ýolugýar, daşary ýurt kärhanasy hünärmenlerini öz hasabyna bejerýär
Aşgabat Täze ýyly VPN hyzmatlaryny 'gysyp', düzgün bozanlary 'tutup' garşylady
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Daşky gurşawy goramakda halkara hyzmatdaşlyk
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
16.09.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar