Aşgabat 2017 oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynyň ýanyna geldi. Edaranyň binasynyň eýwanynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyz we tutuş sebit üçin ähmiýetli waka bolan “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen döwlet derejesindäki wekiliýetleriň agzalary bilen görüşdi.

Mähirli salamlaşanlaryndan soň milli Liderimiz olaryň her biri bilen surata düşdi we belent mertebeli myhmanlary binanyň VIP zalyna çagyrdy. Soňra Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy mynasybetli resmi kabul edişlik boldy.

Söwda-senagat edarasyndan hormatly Prezidentimiziň we daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki ulag kerwenleri Olimpiýa şäherjigine tarap ugrady.

Olimpiýa stadionynyň merkezi girelgesiniň öňündäki meýdançada dabara gatnaşýan belent mertebeli myhmanlaryň resmi surata düşmek dabarasy boldy.

“0” belgide stadionyň tutuş çägi zümerret öwüşginli ýaşyl reňke boýalýar we şowhunly dabara gatnaşyjylar aýlaw ugry bilen stadionyň merkezine gelip, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi nyşanynyň şekilinde düzülýärler. Reňkleriň sazlaşygy şekile özboluşly öwüşgin çaýýar. Meýdançada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy nyşany bolan ahalteke bedewiniň şekili emele gelýär.

Dabaranyň resmi bölümi başlanýar. Dabarany alypbaryjylar Türkmenistanyň Prezidentini, ähli türkmen halkyny we dabara gatnaşyjylary oýunlaryň açylyşy bilen gutlaýarlar. Stadiona Türkmenistanyň Döwlet baýdagy getirilýär. Uly ýaşyl baýdagy Hormat garawuly rotasynyň esgerleri getirýärler. Soňra stadiona Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baýdagy getirilýär.

Tomaşaçylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Milli Liderimiz bu ýere ýygnanan döwlet Baştutanlaryna, wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna hem-de agzalaryna, myhmanlara we oýunlara gatnaşyjylara, ähli ildeşlerimize gutlag sözi bilen ýüzlenýär.

Şu gün biz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna badalga berýäris.Döwlet Baştutanymyz bu şanly waka bilen mähriban watandaşlarymyzy, gadyrly myhmanlarymyzy, halkara sport jemgyýetçiligini tüýs ýürekden gutlap, mundan 7 ýyla golaý ozal — 2010-njy ýylyň 17-nji dekabrynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň Olimpiýa komiteti bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň arasynda ýurdumyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky ikitaraplaýyn resminama gol çekilendigini ýatlatdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu çözgüt üçin, Türkmenistana bildirilen ynam üçin, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine, onuň prezidenti, gadyrly şeýh Ahmad Al Fahad Al-Sabaha tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabaha söz berilýär.

Ol öz çykyşyny hormatly Prezidentimize, beýleki döwletleriň Baştutanlaryna hem-de dürli ýurtlardan gelen ýokary wezipeli myhmanlara, sport federasiýalarynyň, Milli olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylaryna, ähli türgenlere we tomaşaçylara hoşallygy bilen başlaýar.

“Agşamyň haýyrly bolsun, Aşgabat!Agşamyň haýyrly bolsun, Türkmenistan!” Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirýän ýurduň ajaýyp paýtagtynda Aziýa salam, Okeaniýa salam diýip, AOG-niň Baştutany sözüni dowam etdi.

Aziýadan we Okeaniýadan gelen türgenler hem-de resmi adamlar üçin taryhy waka mynasybetli bu ajaýyp şäherde bolmak uly hormatdyr diýip, belent mertebeli myhman aýtdy we 2010-njy ýylda AOG-niň Aşgabady Oýunlaryň geçirilýän ýeri hökmünde yglan eden gününden bäri Aziada taýýarlyk görlüşini üns bilen synlandygyny nygtady.

Men örän gyzykly we üstünlikli Oýunlaryň şaýatlary boljakdygymyza ynanýaryn diýip, şeýh aýtdy. AOG-niň ýolbaşçysy şeýle hem Okeaniýanyň türgenlerini hem-de Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýan bosgunlaryň toparyny mübäreklemegiň özi üçin örän ýakymlydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz “Aşgabat 2017” oýunlaryna ak pata berýär we jaň kakýar. Biziň sabyrsyzlyk bilen garaşan dabaramyz başlanýar. Dürli şowhunly çykyşlar ýerine ýetirilýär. Ýeri gelende aýtsak, sahnalaşdyrylan dabara 7,5 müň ýerine ýetirijiler, sazandalaryň 200-e golaýy bilen birlikde, jandarlaryň 100-si gatnaşýar.

Dabaranyň çäklerinde ýurdumyzyň taryhy giňden beýan edilýär. Soňra stadionda haýran galdyrýan yşyklaryň we döwrebap sazyň astynda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşi beýan edildi. Horeografiki suratlarda olaryň piktogrammalary şekillendirildi, monitorda oýunlaryň şekili Wepalynyň keşbi suratlandyryldy, ýaş türgenler bolsa degişli lybaslarda sportuň ol ýa-da beýleki görnüşi boýunça esasy emelleri görkezdiler.

Ýörişi ýetginjek “Aşgabat 2017” oýunlarynyň şekiline öwrülen alabaýy bilen açýar. Onuň yzysüre oglanjyklar bu tohum itiň güjüjiklerini alyp geçýärler. Olaryň yzy bilen, elipbiý tertibinde Aziýanyň we Okeaniýanyň 64 ýurdunyň ýygyndy toparlary, şeýle hem Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýan Bosgunlaryň topary geçdi. Türgenleri köpsanly janköýerler hem-de tomaşaçylar mübärekleýärler. Ýörişiň ahyrynda Aziadany geçirýän ýurduň—Türkmenistanyň wekilleri geçýärler.

Dabaranyň indiki böleginde Türkmenistanyň ähli bäş welaýatynyň medeni däpleri görkezildi.Stadionyň meýdançasyna yzly-yzyna Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň sungat ussatlary çykýarlar.Her bir sebitiň toparynda artistler aýdymçylar hem-de sazandalar çykyş etdiler.

Olaryň çykyşy mahalynda ol ýa-da beýleki bir welaýata mahsus bolan ägirt uly göller şekillendirildi.Tans toparlarynyň halk äheňindäki çykyşlary hem dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Soňra alypbaryjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyny yglan edýärler. Bu toparyň çykyşlary islendik baýramçylygyň bezegine öwrülýär, gaýduwsyz ýigitler we ussat gyzlar dünýäniň köp ýurtlarynda tomaşaçylary haýran galdyrdylar. Olar sirk sungatynyň bütindünýä festiwallarynyň baş baýraklarynyň ençemesine mynasyp boldular.

Dabaranyň çäklerinde milli göreş boýunça türkmen ýygyndysynyň agzasy Rejepaly Orazalyýew we emin Amanmuhammet Batyrow ýurdumyzyň türgenleriniň hem-de eminler toparynyň adyndan kasam edýärler. Biraz salymdan soň, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň alawyny elinde saklap gelýän atly ýigit stadiona gelýär. Zenanlar gadymdan gelýän däbe görä, ýörite çanaklarda ýüzärlik tütedip, asylly başlangyja ak pata berýärler.

Meýdançanyň merkezinde diň peýda bolýar we alawly ýigit atyny basgançaklar boýunça onuň depesine gönükdirýär. Çapyksuwar bedewi çarpaýa galdyryp, alawy sekizburçly ýyldyza degirýär, şondan soňra onda iki “kometa” peýda bolup, Olimpiýa stadionynyň münberlerini bezeýän ägirt uly bedewiň şekiliniň ýokarsynda ornaşdyrylan çanaga tarap okdurylýar. Çanakda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakylýar.

Dabaranyň ahyrynda paýtagtymyzyň asmanyny ýagtylandyran baýramçylyk feýerwerkleri öwşün atyp başlaýar.Göýä, köpsanly symrug guşlary dürli reňkde öwşün atýan ganatlaryny ýaýyp, şäheriň asmanynda, Olimpiýa stadionynyň ýokarsynda uçup barýana meňzeýär.

Bu ajaýyp görnüş esli wagt dowam edip, bu ýere ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şeýlelikde, oýunlara badalga berildi. Öňümizde bize sportuň dabaralanmagyny, ruhubelentligi, dostlugy we parahatçylygy alamatlandyrýan 10 gün garaşýar!

Ýene degişli makalalar

17.09.2017 | Olimpiýa stadionynda Aşgabat 2017 oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy
17.09.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: häzirki zaman dünýäde sport halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetli düzüm bölegidir
Türkmenistan Kuweýtiň Emiriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýtiň Emiriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
14.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýte resmi sapary tamamlandy