AŞGABAT — ARKALAŞYGYŇ TÄZE SPORT MÜMKINÇILIKLERINIŇ ŞÄHERI

AŞGABAT — ARKALAŞYGYŇ TÄZE SPORT MÜMKINÇILIKLERINIŇ ŞÄHERI

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýlip yglan edilmegi Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň möhüm wakalarynyň biri boldy.Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 24-nji maýda türkmen paýtagtynda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde biragyzdan kabul edildi.

Munuň özi Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda ildeşlerimiz üçin ajaýyp sowgat boldy. Ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly seslenmä eýe bolan bu şanly waka Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan uly goşandynyň nobatdaky ykrarnamasydyr.

Türkmenistan gazeti

Ýene degişli makalalar

AŞGABAT ŞÄHERINDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNYŇ 13-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
AŞGABATDA HALKARA NEBITGAZ FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
AŞGABATDA BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 80 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
Daşkent şäherinde merkezi aziýa ýurtlarynyň wekillerini birleşdirýän halkara çäreler dowam edýär
14-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
AŞGABAT — KAZAN — AŞGABAT GATNAWLARYNDAKY UÇUŞLAR MOSKWA UGRUKDYRYLÝAR