Daşkent şäherinde merkezi aziýa ýurtlarynyň wekillerini birleşdirýän halkara çäreler dowam edýär

14-nji noýabrda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet ministrleriniň birinji duşuşygy geçirildi.Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş edip, Türkmenistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny, köp asyrlaryň dowamynda däbe öwrülen goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde yzygiderli ösdürilýändigini belledi.

Geçirilen halkara çäreler dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge, medeni-ynsanperwer ulgamynda baý tejribe toplamaga ýardam bermek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň ruhy we medeni mirasyna, aň-bilimine gyzyklanmalary höweslendirmekde netijeli häsiýete eýe boldy.

Ýurdumyz dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürip diňe bir sebitde däl, eýsem, bütindünýäde parahatçylygyň berkidilmegine mynasyp goşant goşýar.

Çeşme: medeniyet.gov.tm

Ýene degişli makalalar

Daşkentde Merkezi Aziýada ruhy miras we aň-bilim atly halkara kongres geçirilýär
Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygyna ýolbaşçylyk eder
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň Mejlisi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana saparynyň dowamynda türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezi açylar
Daşkentde türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi