Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygyna ýolbaşçylyk eder

Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygyna ýolbaşçylyk eder

Türkmenistan Merkezi Aziýada agzybirligi, jebisligi we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary eder. Muny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-njy noýabrda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda aýdyp, ýurdumyzyň adyndan Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli syýasy çärä ýolbaşçylyk etmegi kabul etdi.

Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmek bilen, biziň agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek sebitiň daşarky maýa goýumlar we energetika, ulag, kommunikasiýa hem-de beýleki ulgamlarda iri halkara taslamalary üçin özüneçekijiligini artdyrmak üçin ähli tagallalary eder diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Merkezi Aziýada suw serişdelerinde deňhukukly ekodiplomatiýany ösdürmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Ilçisiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystan strategik barlaglar institutynyň direktory bilen duşuşygy
Merkezi Aziýa ýurtlary daşky gurşaw we durnukly ösüş meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirer
В Душанбе состоялась встреча глав МИД Туркменистана и Таджикистана
Serdar Berdimuhamedow 14 — 15-nji sentýabr günleri Täjigistanda saparda bolar
Azerbaýjanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşýar