Merkezi Aziýa ýurtlary daşky gurşaw we durnukly ösüş meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirer

Merkezi Aziýa ýurtlary daşky gurşaw we durnukly ösüş meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirer

4-5-nji sentýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşi boýunça döwletara komissiýasynyň Konsultatiw geňeşiniň üçünji mejlisi geçirildi.

nCa internet portalynda habar berlişi ýaly, duşuşyga Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşky gurşawy goramak boýunça edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda diňlenilen çykyşlarda häzirki wagtda möhüm meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolunýandygy, şunuň bilen baglylykda ähli bilelikdäki mümkinçiliklerden peýdalanyp, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ugrundaky meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmegiň wajypdygy aýdyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, bu mejlis Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşi boýunça döwletara komissiýasynyň Konsultatiw geňeşiniň iş meýilnamasyna we onuň öňki mejlisiniň kararlaryna göz saýlamagy, şeýle hem durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebit maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmagy maksat edinýär.

Çäräniň dowamynda Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologik merkeziniň (CAREC) ýerine ýetiriji müdiri Zafar Mahmudow hem çykyş etdi.

Duşuşyk 14-15-nji sentýabrda Täjigistanyň Duşanbe şäherinde geçiriljek Aral deňzini halas etmek boýunça halkara gaznanyň (IFAS) döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda möhüm ädim bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşi boýunça döwletara komissiýasynyň Konsultatiw geňeşiniň kararlaryna gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň Täjigistanda geçiriljek duşuşygy boýunça maslahat geçirildi
Duşenbede Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy maslahatlaşyldy, Gazagystan Aşgabatda geçiriljek saglygy goraýyş, bilim we sport forumyna gatnaşar we beýleki habarlar
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda bäş resminama gol çekiler
Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri Duşenbe duşuşygy barada pikir alyşdylar
Serdar Berdimuhamedow 14 — 15-nji sentýabr günleri Täjigistanda saparda bolar
Azerbaýjanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşýar