Azerbaýjanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşýar

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Täjigistan Respublikasyna sapar bilen bardy. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Saparyň çäklerinde Azerbaýjanyň we Täjigistanyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar we gepleşikler göz öňünde tutuldy, bu gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Mälim bolşy ýaly, 14-15-nji sentýabrda Duşanbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.

Täjigistandaky ýokary derejedäki duşuşyklara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Duşanbe şäherine bardy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy atly mehanizmi döretmek başlangyjy 2017-nji ýylyň sentýabrynda öňe sürlüpdi. Şondan bäri sebitiň Liderleri 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanda, 2019-njy ýylyň noýabrynda Özbegistanda, 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda, 2022-nji ýylyň iýulynda Gyrgyzystanda geçirilen sammitlere gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda ählihalk bag etmek dabarasy geçirildi, Aşgabatda BAE-niň Baýdagynyň güni mynasybetli dabara geçirildi, türkmen boksçylary ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda 7 medal gazandylar we beýleki habarlar
Serdar Berdimuhamedow 14 — 15-nji sentýabr günleri Täjigistanda saparda bolar
Merkezi Aziýa ýurtlary daşky gurşaw we durnukly ösüş meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirer
Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri Duşenbe duşuşygy barada pikir alyşdylar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň Täjigistanda geçiriljek duşuşygy boýunça maslahat geçirildi
Duşenbede Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy maslahatlaşyldy, Gazagystan Aşgabatda geçiriljek saglygy goraýyş, bilim we sport forumyna gatnaşar we beýleki habarlar