Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1516-nji noýabr aralygynda Daşkentde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Bu barada penşenbe güni Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berdi.
Sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze hem gatnaşar.
Duşuşygyň dowamynda sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek, ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle hem sebit we dünýä gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşylar.
Konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýada gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen köpugurly resminamalaryň toplumy kabul edilmegine garaşylýar.
Sebitiň ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli konsultatiw duşuşyklary geçirmek başlangyjy Özbegistan Lideri tarapyndan 2017-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde teklip edildi.