Türkmenistan Merkezi Aziýada suw serişdelerinde deňhukukly ekodiplomatiýany ösdürmegi teklip etdi

Türkmenistan Merkezi Aziýada suw serişdelerinde deňhukukly ekodiplomatiýany ösdürmegi teklip etdi

16-njy noýabrda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kärdeşlerini suw serişdelerini dolandyrmak meseleleri boýunça özara hyzmatdaşlykda raýdaşlyk görkezmäge we ekologiýa meselelerini çözmek üçin bilelikdäki tagallalary güýçlendirmäge çagyrdy.

Deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak, özara düşünişmek we raýdaşlyk esasynda sebitde suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna umyt edýäris diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Döwlet Baştutany ekologiýa abadançylygyň bitewüligi mowzugynda ünsi jemläp, Aşgabat sebitiň ekologiýa meseleleri boýunça, ilkinji nobatda, Aral deňzini halas etmek we çölleşmä garşy göreşmek ýaly inçe meselelerde bilelikdäki tagallalary artdyrmagyň tarapdarydygyny belledi.

Merkezi Aziýada ekologiýa meselelerini çözmäge BMG-niň düzümleriniň gatnaşmagyny, onuň sebitde ýöriteleşdirilen edaralarynyň döredilmegini goldaýarys. Ýurtlarymyzyň BMG-de ylalaşykly ekologiýa diplomatiýasynyň döredilmeginiň, Merkezi Aziýanyň meselelerine halkara jemgyýetçiliginiň ünsüniň çekilmeginiň zerurdygyna ynanýarys diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygyna ýolbaşçylyk eder
Türkmenistanyň Ilçisiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystan strategik barlaglar institutynyň direktory bilen duşuşygy
Sebitara hyzmatdaşlygyň täze nusgasy
Merkezi Aziýa ýurtlary daşky gurşaw we durnukly ösüş meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirer
В Душанбе состоялась встреча глав МИД Туркменистана и Таджикистана
Serdar Berdimuhamedow 14 — 15-nji sentýabr günleri Täjigistanda saparda bolar