Daşkentde Merkezi Aziýada ruhy miras we aň-bilim atly halkara kongres geçirilýär

Merkezi Aziýa halklary hoşniýetli goňşuçylyk, jebislik, birek-biregi goldamak, ynamy we hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitde parahatçylygy üpjün etmek ugrunda çykyş edýär. Döwletleriň arasynda özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen halkara ähmiýetli çäreler giň gerim alýar.

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Merkezi Aziýada ruhy miras we aň-bilim atly halkara kongres öz işine başlady. Çärä Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň dürli düzümlerinden we edaralaryndan wekiliýetler gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň adyndan plenar mejlisinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş etdi.Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Azerbaýjanyň medeni gatnaşyklarynyň gadymy kökleriniň bardygyny we umumy taryhy mirasa hem-de däp-dessurlara esaslanýandygyny belläp geçdi. Şeýle-de Merkezi Aziýada ruhy mirasy gorap saklamak, aň-bilimi ösdürmek biziň esasy wezipelerimiziň biridigini, munuň özi ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmagyň we özara medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm ugurlary bolup durýandygyny belledi.

Çeşme: medeniyet.gov.tm

Ýene degişli makalalar

Daşkent şäherinde merkezi aziýa ýurtlarynyň wekillerini birleşdirýän halkara çäreler dowam edýär
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň Mejlisi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana saparynyň dowamynda türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezi açylar
Daşkentde türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi
Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygyna ýolbaşçylyk eder