Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar

12-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar.

Bu halkara çäräniň maksady sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek, jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady durmuşa zenanlaryň gatnaşygyny giňeltmek, şeýle hem gender deňligini pugtalandyrmakdan ybarat boldy.

Mejlise Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentleriniň, halkara guramalaryň hem-de raýat jemgyýetiniň institutlarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar sebitiň ýurtlarynda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny berkitmek babatynda alnyp barylýan netijeli işleriň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi, zenanlaryň döwlet dolandyryşyndaky we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky gatnaşygyny giňeltmek, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 20212025-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň meýilnamasy, telekeçilik işinde zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak, şeýle hem zenanlaryň zähmet we durmuş goragyny, bilim hem-de saglygy goraýyş ulgamlaryndaky mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bagly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar.

Mejlisiň ahyrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda bu ugurda gazanylan netijeler we toplanan tejribeler boýunça özara pikir alşyldy, şeýle hem maslahatyň jemleri boýunça jemleýji resminama kabul edildi.

Çeşme: mejlis.gov.tm

Ýene degişli makalalar

Suw diplomatiýasy — Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň möhüm ugry
Türkmenistanyň DIM-inde gender deňligi babatda CEDAW-yň maslahatlaryny ýerine ýetirmek boýunça amaly ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy
Gender deňligini ilerletmegiň möhüm ugurlary
Ýylyň jemleri: Azyk, suw, jaý aladalary ýokarlandy, dilegçi çaga köpeldi
Türkmenistanyň wekiliýeti döwlet dolandyryşy meselelerine bagyşlanan II halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Mejlisi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdy