Türkmenistanyň Mejlisi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar.

Mejlise Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentleriniň, halkara guramalaryň hem-de raýat jemgyýeti institutlarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar sebitiň ýurtlarynda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny berkitmek babatynda alnyp barylýan netijeli işleriň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri öz çykyşlarynda ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kämilleşdirilmegi boýunça yzygiderli işleriň geçirilýändigi barada bellediler. Şunuň bilen baglylykda

Şu nukdaýnazardan, zenanlaryň döwlet dolandyryşynda, ykdysadyýetde gatnaşygyny giňeltmäge, şeýle hem gender deňligini ilerletmäge gönükdirilen Türkmenistanyň 20212025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenip geçildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Ýene degişli makalalar

Suw diplomatiýasy — Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň möhüm ugry
Türkmenistanyň DIM-inde gender deňligi babatda CEDAW-yň maslahatlaryny ýerine ýetirmek boýunça amaly ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy
Gender deňligini ilerletmegiň möhüm ugurlary
Ýylyň jemleri: Azyk, suw, jaý aladalary ýokarlandy, dilegçi çaga köpeldi
Türkmenistanyň wekiliýeti döwlet dolandyryşy meselelerine bagyşlanan II halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar