Aşgabat bilen Baku doganlyk gatnaşyklary ýola goýdy

Aşgabat bilen Baku doganlyk gatnaşyklary ýola goýdy

Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäginde birnäçe ikitaraplaýyn şertnama gol çekildi. Olaryň hatarynda Aşgabat şäheri bilen Baku şäheriniň (Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem bar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, CentralAsia.news habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Baku şäheriniň dolandyryş düzümini ýolbaşçysy Eldar Azizow, onuň orunbasary Aýaz Imamaliýew dagy Arakadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşyp, çäräniň çäklerinde türkmen tarapy bilen iki ýurduň paýtagtlarynyň doganlaşan şäherler derejesindäki gatnaşyklary ýola goýmak boýunça ylalaşyk baglaşdylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, şol dabaralaryň çäklerinde Arkadag şäheri bilen Kazan şäheriniň (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyga, Arkadag şäheri bilen Telawi şäheriniň (Gruziýa) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky Ylalaşyga hem gol çekildi.

Gol çekilen şeýle resminamalar daşary ýurtly hyzmatdaşlar dostlukly gatnaşyklaryň we özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňelmegine ýardam eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralady
Täjigistanyň we Azerbaýjanyň paýtagtlary doganlaşan şäherler boldy
Bakuda ulag-logistika we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Ulag geçelgesini döretmek boýunça duşuşyk geçirildi
10.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
13.07.2020 | Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn-duşuşygy geçirildi