Täjigistanyň we Azerbaýjanyň paýtagtlary doganlaşan şäherler boldy

Täjigistanyň we Azerbaýjanyň paýtagtlary doganlaşan şäherler boldy

Täjigistanyň we Azerbaýjanyň paýtagtlary doganlaşan şäherler boldy. Bu barada ylalaşyga Azerbaýjanda iş saparynda bolan Täjigistanyň Mejlisiniň ýokarky palatasynyň başlygy, Duşenbe şäheriniň başlygy Rustam Emomali bilen Baku şäheriniň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy Eldar Azizowyň duşuşygynyň ahyrynda gol çekildi diýip, Täjigistanyň Mejlisiniň metbugat merkezi habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Habarda söhbetdeşleriň Duşenbe bilen Bakuwyň arasynda köptaraply hyzmatdaşlygy giňeltmäge, söwda-ykdysady, ylmy, medeni we syýahatçylyk işleri üçin şertleri gowulandyrmak boýunça işleri güýçlendirmäge, şeýle-de şäherleriň hojalyk kärhanalarynyň arasynda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirendikleri aýdylýar. “Gepleşikleriň ahyrynda Rustam Emomali we Eldar Azizow Duşenbe bilen Bakuwyň arasynda doganlaşan şäherleriň gatnaşyklaryny ýola goýmak barada ylalaşyga gol çekdiler” diýip, metbugat merkezi belleýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäginde Täjigistanyň we Azerbaýjanyň paýtagtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerine we özara gatnaşyklaryň perspektiwalaryna garadylar.

Rustam Emomali penşenbe güni resmi sapar bilen Bakuwa geldi. Iş saparynyň dowamynda ol Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy, olar hyzmatdaşlyk boýunça täjik-azerbaýjan hökümetara komissiýasynyň işi we söwda-ykdysady hem beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen ony giňeltmek barada maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralady
Aşgabat bilen Baku doganlyk gatnaşyklary ýola goýdy
Bakuda ulag-logistika we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Ulag geçelgesini döretmek boýunça duşuşyk geçirildi
10.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
13.07.2020 | Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn-duşuşygy geçirildi