Aşgabat Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana tebigy gaz ibermegi 'wagtlaýyn' bes etdi. Näme üçin?

Aşgabat Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana tebigy gaz ibermegi 'wagtlaýyn' bes etdi. Näme üçin?

Aşgabat ýanwaryň başynda swap ylalaşygy esasynda Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana gaz ibermegi “wagtlaýyn” bes etdi. Eýran, Türkmenistan we Azerbaýjan üçtaraplaýyn ylalaşygyň töweregindäki meseleler boýunça resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.

Eýranyň media serişdeleri 7-nji ýanwarda ýurduň Nebit ministrligi bilen ilteşikli Milli gaz kompaniýasyna salgylanyp, türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilmeginiň “wagtlaýyn togtadylandygyny” habar berdi. Eýran mediasyna görä, Türkmenistan we Azerbaýjan gaz ibermelerini gaýtadan dikeltmek ugrunda gepleşikleri geçirýärler.

Ýöne “Aşgabat bilen swap ylalaşygynyň möhleti uzaldylmasa, Azerbaýjan 2024-nji ýylda Türkmenistandan gaz import etmezden oňşup biler” diýip, “Interfaks” habar agentligi bir nebit-gaz pudagyndaky çeşmesine salgylanyp 10-njy ýanwarda habar berdi.

Turkmen.news neşirine görä, türkmen tarapy Azerbaýjana iberilýän tebigy gazyň bahasy boýunça ylalaşyp bilmeýär.

“Iran Interntational” neşirine görä, swap ylalaşygynyň bes edilmegi gyş paslynda Eýranyň demirgazyk sebitleriniň gaz üpjünçiligini kynlaşdyrýar.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri swap ylalaşygynyň töweregindäki meseleler boýunça habar bermeýär.

Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan 2021-nji ýylyň noýabrynda üçtaraplaýyn gaz swap ylalaşygyna gol çekdi. Bu ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistan gündelik 5-6 million kub metr, her ýylda takmynan 2 milliard kub metr türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberýär. Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda göni gaz geçiriji ulgamlary ýok.

Üç ýurduň arasyndaky swap ylalaşygy 2022-nji ýylyň ýanwarynda güýje girdi. Ylalaşygyň ilkinji ýylynda takmynan 900 million kub metre golaý türkmen gazy Azerbaýjana eksport edildi.

Türkmenistan bilen Eýran arada ýyllyk kuwwaty häzirki wagtda 20 milliard kub metre çenli gaz geçirmäge ukyby bolan iki sany geçiriji ulgamy bar. Körpeje-Gurtguýy gaz geçirijisi 1997-nji ýylda, Döwletabat-Sarahs-Hangyran gaz geçirijisi 2010-njy ýylda işe girizildi.

Energiýa howpsuzlygy boýunça britaniýaly bilermen Jon Roberts 11-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, Türkmenistanyň Azerbaýjana gaz ibermelerini togtatmagynyň sebäplerine düşünmegiň “örän çetindigini” gürrüň berdi we bu ýagdaýyň ýurduň energetika hyzmatdaşy hökmünde “ygtybarlylygyna” kölege salýandygyny aýtdy.

“Men muňa düşünmek düýbünden mümkin däl diýip hasaplaýaryn. Sebäbi, mantyk taýdan seredenimizde, Türkmenistan çyny bilen öz gazyny iri bazarlara, Türkiýä, Türkiýeden aňry ýewropa ýurtlaryna ibermek isleýän bolsa, ol Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlyga mätäç. Şonuň üçin, Azerbaýjan bilen arada dawa nämä gerek? Bu ýagdaý heňe gelmeýär” diýip, ekspert aýtdy.

Türkmenistan köpýyllyklaryň dowamynda Hazarüsti gaz geçiriji taslamasy arkaly öz gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen Günbatar bazarlaryna çykarmaga gyzyklanma bildirip gelýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistan swap ylalaşyklary arkaly Eýranyň üsti bilen Yraga ýylda 9 milliard kub metr töweregi gaz ibermek babatynda ylalaşdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi dekabr aýynda türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Türkiýä hem iberilmeginiň maslahat edilendigini habar berdi.

Eýranyň nebit ministri Jawad Owji 2023-nji ýylyň iýunynda öz ýurdunyň Türkmenistan bilen ýyllyk 10 milliard kub metr möçberinde türkmen gazyny import etmek babatynda ylalaşygy meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şol bir wagtda, Eýran Azerbaýjan bilen aradaky gaz geçiriji ulgamynyň ýyllyk kuwwatyny 5,5 milliard kub metre çenli giňeltmäge çalyşýar.

“Türkmenistany Azerbaýjan ugry boýunça gaz üpjünçiligini kesmäge iteren başga bir sebäp bolan bolmaly. Türkmenler öz isleýän zatlaryny almak üçin, ýa-da almaga synanyşmak üçin gaz söwdasyny täsir güýji hökmünde ulanmaga çalyşýarlar. Bu bolsa problemalara ýol açýar. Türkmenistanyň Eýrana we Azerbaýjana gaz ibermekde ygtybarlylyk babatynda abraýy ýokary däl” diýip, Roberts aýtdy.

Türkmenistan subut edilen gaz gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna girýär. Döwlet baştutanlary 2023-nji ýylyň dowamynda tebigy gaz eksport ugurlaryny artdyrmak ugrunda tagalla etdiler.

Media maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana 2,6 milliard kub metr tebigy gaz eksport edipdir. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky gaz söwdasynyň, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, üç esse töweregi ýokarlanandygyny görkezýär.

2023-nji ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjanyň SOCAR Döwlet nebit kompaniýasy Aşgabatda özüniň edarasyny açdy. Bu çäre türkmen mediasynda iki ýurduň arasynda ösdürilýän ysnyşykly gatnaşyklara mysal görkezildi.

Türkmenistan we Azerbaýjan 2021-nji ýylyň ýanwarynda iki ýurduň arasyndaky “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça ylalaşyk gazandy.

Şeýle-de, Türkmenistan Azerbaýjan we Türkiýe bilen hem tebigy gaz eksport ugurlaryny giňeltmek boýunça üçtaraplaýyn formatda gepleşikleri alyp barýar.

Britaniýaly energetika bilermeni Türkmenistanyň Azerbaýjana gaz üpjünçiligini kesmek bilen, Eýranyň demirgazyk sebitleriniň energetika üpjünçiligini hem kyn güne goýandygyny gürrüň berdi.

Eýran Azerbaýjan we Türkmenistan aradaky üçtaraplaýyn ylalaşyk esasynda kabul edýän türkmen gazy bilen özüniň demirgazyk sebitlerini gaz bilen üpjün edýärdi, deň möçberlerde öz gazyny Azerbaýjana iberýärdi.

“Eýran özüniň demirgazyk-gündogar sebitlerine has köp gaz ibermek arkaly, emele gelen bu ýagdaýyň öwezini dolmaly bolar” diýip, britaniýaly ekspert aýtdy.

Türkmenistan Eýran ugry boýunça eksport edýän tebigy gaz serişdelerini, mundan ozal, 2018-nji ýylda hem gyş paslynda kesipdi.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana gaz üpjünçiligini kesmeginiň mümkin bolan sebäpleri barada “Türkmengaz” döwlet konserninden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Yraga gaz iberer
Türkmen wekiliýetiniň Brýussele amala aşyran sapary we Hazarüsti taslamasynyň mümkinçilikleri
Türkmenistanyň we Gazagystanyň üstaşyr geçiren nebitiniň paýy 842,9 müň tonna ýetdi
Aşgabatda halkara nebitgaz forumy öz işine başlady
“SOCAR Trading” Türkmenistanyň nebiti we gazy Halkara maslahatynyň hyzmatdaşy boldy
SOCAR bilen Ýewropa Bileleşigi TANAP we TAP-yň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar