Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Yraga gaz iberer

Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Yraga gaz iberer

Türkmenistan we Yrak Yragyň elektrik stansiýalaryna tebigy gaz ibermek boýunça düşünişmek ylalaşygyna gol çekdi diýip, türkmen we yrak metbugaty habar berýär.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen Yrgayň elektrik ministri Ziad Ali Fadeliň 6-njy oktýabrda Bagdatda bolan duşuşygynda gas üpjünçiligi barada düşünişmek ähtnamasyna gol çekildi.

Mundan ozal, taraplaryň energetika resmileri awgust aýynda Aşgabatda duşuşyp, türkmen gazynyň Yraga iberilmegi boýunça deslapky ylalaşyga gol çekdiler.

Media maglumatlaryna görä, Türkmenistan özara düşünişmek ähtnamasyna laýyklykda Yraga her ýylda 10 milliard kub metre golaý tebigy gaz iberer.

OPEK ýurtlarynyň arasynda ikinji iň iri çig nebit öndürijisi bolan Yrak tebigy gaz importlaryny elektrik energiýasynyň önümçiligine gönükdirýär.

Türkmen metbugatyna görä, Türkmenistan öz tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen swap ylalaşygy esasynda Yraga eksport etmegi göz öňünde tutýar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” energiýa howpsuzlygy boýunça barlag guramasynyň eksperti Jon Robertsiň 10-njy oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusyna görä, ýurtlaryň arasyndaky gaz geçirijileriň tehniki kuwwaty swap ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegine rugsat berýär, ýöne bu ýerde başga bir mesele bar.

“Bu ýerde başga bir mesele bar: Türkmenistanyň Eýran bilen arada gaz geçirijileri bolan sebitlerinde gaz önümçiliginiň ýagdaýy nähili? Bu örän özboluşly aýratyn ýagdaý. Bu ýagdaý Türkmenistanyň Eýranyň çägine 10 milliard kub metr tebigy gaz ibermegi babatynda adamlaryň çak edişinden has çylşyrymly ýagdaý bolup biler” diýip, Roberts aýtdy.

Eýran 1997-2017-nji ýyllar aralygynda özüniň demirgazyk sebitleriniň gaz üpjünçiligini kanagatlandyrmak üçin, Türkmenistandan tebigy gaz import etdi.

Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda 1997-nji ýylda işe girizilen we uzynlygy 200 kilometre barabar bolan hem-de ýyllyk kuwwaty 8 milliard kub metr gaz geçirmäge ukyply bolan Körpeje Gurtguýy gaz geçirijisi, şeýle-de 2010-njy ýylda işe girizilen we uzynlygy 182 kilometere barabar bolan hem-de ýyllyk kuwwaty 12,5 milliard kub metr gaz geçirmäge ukyply bolan Döwletabat Sarahs Hangyran gaz geçirijisi bar.

Körpeje Gurtguýy gaz geçirijisi günabatar Türkmenistanyň Körpeje gaz käninden gözbaş alýar.

“Türkmenistan bilen Eýran aradaky iň uly gaz geçiriji Körpeje gaz ýatagy bilen demirgazyk Eýranyň Gurtguýy sebitiniň arasynda çekildi. Körpeje gaz käniniň 10 milliard kub metr gaz öndürmäge ukyplydygy ýa-da däldigi, ýa-da önümçiligi talap edilýän derejä çykarmak üçin näçä wagt möhletiniň zerurdygy mälim däl” diýip, Roberts aýtdy.

Eýran 2017-nji ýylda iki ýurduň arasynda tebigy gazyň töleg meseleleri boýunça açylan kazyýet dawalarynyň fonunda Türkmenistandan gaz importlaryny wagtlaýyn bes etdi.Türkmenistan 2007-2013-nji ýyllar aralygynda Eýrana iberilen türkmen gazynyň tölegleri boýunça Eýrandan takmynan 2 milliard dollar möçberinde töleg talap etdi. “Türkmengaz” bu mesele boýunça halkara arbitraž sudunda ýeňiş gazandy.

Eýranyň nebit ministrligi 2023-nji ýylyň iýunynda Türkmenistana bolan bergisini doly üzendigini yglan etdi.

Şu ýylyň fewral aýynda Eýran türkmen gazyny islendik ugur boýunça öz üstünden geçirip bermäge taýýardygyny mälim etdi. Bu aralykda, Azerbaýjan swap ylalaşygy esasynda Eýranyň üsti bilen türkmen gazynyň importyny artdyrdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen swap ylalaşygy esasynda Azerbaýjana hem ýylda 1,5-2 milliard kub metre çenli türkmen gazy iberilýär.

Ýöne şol bir wagtda Eýran birnäçe halkara sanksiýalarynyň astynda galýar. Şeýle şertlerde Türkmenistan nädip, halkara sanksiýalarynyň arasynda Eýran bilen energetika pudagynda barha ösdürilýän hyzmatdaşlygy saklap bilýär?

“Meniň şahsy pikirimçe, türkmenler [Eýranyň üsti bilen swap ylalaşygy esasynda Yraga gaz iberilmegine] ikitaraplaýyn ylalaşyk we geleşik hökmünde garaýarlar, hem-de halkara sanksiýalaryny bozmazdan şeýle ylalaşyklar durmuşa geçirilip bilinýär hasaplaýarlar. Men anyk bilemok, ýöne ýagdaý şeýledir diýip pikir edýärin. Bu ýerde esasy mesele sanksiýalaryň göni amal edilmegi däl, esasy mesele sanksiýalaryň getirýän gytaklaýyn netijeleri” diýip, ekspert aýtdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistan ýangyç eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda çynlakaý tagallalary durmuşa geçirýär. Türkmen hökümeti Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyna-de gyzyklanma bildirip gelýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi iýul aýynda ýörite beýanat çap edip, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine syýasy, ykdysady we maliýe taýdan päsgel berýän hiç hili sebäbiň ýokdugyny yglan etdi.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaňy-ýakynda Germaniýa amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Hazarüsti taslamasy boýunça pozisiýasynyň üýtgewsiz galýandygyny nygtady.

"Bu ýerde bir mesele bar. Ol hem ýönekeý bir mesele. Türkmenistan Eýrana ýa-da Eýranyň üsti bilen energetika eksportlaryny ösdürýän ýurt hökmünde görülse, bu ýewropaly alyjylary aljyradar" diýip, ekspert aýtdy.

"Olar [ýewropa ýurtlary] indi pikir etmeli bolar: biz hakykatdan-da Eýran bilen iş salyşmaga höwesli ýurt bilen iş salyşmak isleýärismi?" diýip, bilermen aýtdy.

"British Petroleum" kompaniýasynyň 2019-njy ýylda çap eden statistiki hasabatlaryna görä, Eýran özüniň subut edilen 32 trillion kub metr möçberindäki tebigy gaz gorlary bilen mawy ýangyja baý ýurtlaryň sanawynda dünýäde ikinji orunda, Türkmenistan bolsa 19,5 trillion kub metr subut edilen gaz gorlary bilen dünýäde dördünji orunda durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýetiniň Brýussele amala aşyran sapary we Hazarüsti taslamasynyň mümkinçilikleri
Aşgabat Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana tebigy gaz ibermegi 'wagtlaýyn' bes etdi. Näme üçin?
Gazagystan Hytaýa iberýän gazyny iki esse artdyrýar, bu türkmen-hytaý energiýa söwdasyna täsir edermi?  
"Gazpromyň" türkmen gazynyň Transhazar arkaly iberilmeginiň öňüni baglaýandygy aýdylýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Russiýanyň öz gazyny Merkezi Aziýa zomamagy