Aşgabat GDA-nyň çäginde täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan ediler

Aşgabat GDA-nyň çäginde täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan ediler

GDA agza döwletleriň bilermenleri GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisinde garaljak Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan etmek baradaky çözgüdiniň taslamasy barada ylalaşdy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Degişli ylalaşyk GDA-nyň Minskdäki ştab-kwartirasynda geçirilen mejlisde gazanylyp, oňa Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň hem-de Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň netijesinde bilermenler derejesinde ylalaşylan resminamanyň taslamasyny GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň indiki mejlisinde garamagyna ibermek kararyna gelindi diýlip, habarda bellenilýär.

Bellenilişi ýaly, guramanyň Ýerine ýetiriji komiteti Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde Dostluk oýunlaryny taýýarlamak we geçirmek baradaky taslamanyň 23 — 25-nji maýda Azerbaýjanyň Gýumri şäherinde geçiriljek Bedenterbiýe we sport geňeşiniň mejlisinde ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlär.

Ýeri gelende bellesek, Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Dostluk oýunlaryny Türkmenistanda geçirmekligi teklip edipdi. Bäsleşiklere diňe GDA ýurtlaryndan däl, eýsem, olara gyzyklanma bildirýän beýleki ýurtlardan hem sportçylaryň gatnaşmagy üçin mümkinçilikleriň döredilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan BAE bilen sport hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarar
Fijital we kibersport görnüşlerinden geçirilen ýaryşlaryň netijeleri belli boldy
Ashgabat Open 2024 halkara ýaryşy badalga aldy
Türkmenistanda tennis boýunça Ashgabat Open 2024 halkara bäsleşigi başlady
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Tomus pasly üçin maslahatlar
Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygyna berk käýinç berildi