Aşgabat halkara howa menzili Halk...

24-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat Köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu karar 18-nji iýulda türkmen paýtagtynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde kabul edildi. Mejlisiň dowamynda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak we jemlemek, gazanylan üstünlikleri we Türkmenistanyň öňünde durýan häzirki kynçylyklary gözden geçirmek meýilleşdirilýär.

Gün tertibindäki meselelerine bolsa hususy eýeçilik, hünärmenleri taýýarlamak, saglygy goraýyş we lukmançylyk, senagat pudaklary, oba hojalygy we halkara gatnaşyklary degişlidir. Şeýle hem bazar gatnaşyklary, milli pul birliginiň hümmetini durnukly ýagdaýda saklamak, pul dolanşygyny kadalaşdyrmak we beýleki meseleler esasynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipler taýýarlanýar.

Aşgabat halkara howa menzili ýurduň beýleki welaýatlaryndan gatnaşýan Halk maslahatynyň wekilleriniň mejlisine güýçli depginde taýýarlyk görýär. Halkara howa menzili, ýurduň dürli künjeklerinden Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyryny gutlamaga gelýän myhmanlara gapylaryny giňden açýar.

Ýene degişli makalalar

Liwiýadaky silde ýogalan adamlaryň sany artdy
Prezident Erdogan Liwiýa Gynanç Bildirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Liwiýadaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi