Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de köp sanly ýaşlar gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa geçirilýän işler hem-de öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewiň, wise-premýerler N.Amannepesowyň, B.Atdaýewiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewiň degişli ugurlardaky işler baradaky çykyşlary diňlenildi.

Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow demokratik ýörelgeleriň türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biridigini, onuň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandygyny belläp, wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak däbiniň gadymy döwürlerden bäri gelýändigini nygtady.

Mejlisiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri gün tertibine girizilen meselelere seredilendigini aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini jemledi we oňa gatnaşanlaryň ählisine işde üstünlikleri, öňde goýlan wezipeleri çözmäge mynasyp goşant goşmagy arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Liwiýadaky silde ýogalan adamlaryň sany artdy
Prezident Erdogan Liwiýa Gynanç Bildirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Liwiýadaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär