Aşgabat nähak ýanalan ýuristiň kanuny hukuklaryny dikeltmeýär

Aşgabat nähak ýanalan ýuristiň kanuny hukuklaryny dikeltmeýär

Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan syýasy sebäpler esasynda jezalandyrylandygy aýdylýan raýatlaryň ýanalmagy, raýat pozisiýalary bilen tanalan adamlaryň baş kanunda kepillendirilen esasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegi olar halkara basyşlary netijesinde türmeden boşadylanyndan soňam bes edilmeýär.

Hukuk goraýjylar indi bu hili ýanamalar bilen balkanabatly ýurist, geçen ýylyň dekabrynda günä geçiş esasynda azatlyga çykan Pygambergeldi Allaberdiýewiň ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdyp, onuň ýurtdan çykmagyna girizilen çäklendirmeleriň ýatyrylmagyna, hukuklarynyň doly dikeldilmegine çagyrýarlar.

Resmi Aşgabat çagyryşlara jogap bermeýär.

Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrliginiň “Nebitdagnebit” müdirliginde ýurist bolup işlän P.Allaberdiýew, hukuk goraýjy guramalaryň şol wagt çap eden jikme-jik maglumatlaryna laýyklykda, 2020-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda bozgakçylykda we başga bir adama bilkastdan orta agyrlykda şikes ýetirmekde aýyplanyp saklandy we alty ýyl azatlykdan mahrum edildi.

25-nji sentýabrda öňki tussagyň ýurtdan çykmagyna girizilen çäklendirmeleri aýyrtmaga çalyşýandygyny habar beren gurama, düýbi Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helskinki gaznasy öz wagtynda Allaberdiýewiň hakykatda Milli howpsuzlyk ministrliginiň görkezmesi esasynda saklanandygyny, onuň daşary ýurtlardaky oppozisiýa aktiwistleri bilen aragatnaşyk saklamakda güman edilýändigini öňe sürdi.

“Freedom Now” we adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki gaznasy Türkmenistanyň hökümetine ýüzlenip, P.Allaberdiýewiň hukuklarynyň dikeldilmegine çagyrdylar.Mundan öň, 2022-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Eden-etdilikli tussag edilmelere garşy işçi topary P.Alleberdiýewiň bikanun, ýagny halkara kanunçylygyny bozmak esasynda saklanandygy baradaky netijä gelipdi we onuň öz pikirini parahat ýagdaýda beýan etmek we ýygnanyşmak hukuklaryny ulanmak isländigi üçin, galplaşdyrylan kazyýet işi esasynda jezalandyrylandygyny öňe sürüpdi.

Şeýle-de, BMG-niň işçi topary Türkmenistany P.Allaberdiýewiň çeken zyýanynyň öwezini doldurmaga, onuň aklanmaga bolan hukugyny üpjün etmäge, ýagny bikanun saklanan adamlar babatdaky halkara kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilmegine çagyrypdy.

Emma Türkmenistan, ýyllaryň tejribesinden görnüşi ýaly, bikanun saklanan adamlaryň çeken zyýanlarynyň öwezini dolmakdan geçen, olaryň aklanmak hukuklaryny hem üpjün etmeýär we köpleçn dürli basyşlar, adamlaryň özlerine garşy zor bilen görkezme berdilmegi esasynda çykarylan hökümler, tussagyň günäsi geçilenden soňam hakykatda ýarpy güýjünde galýar.

Türkmen Helsinki gaznasynyň getirýän faktlaryndan görnüşine görä, türkmen hökümeti ýa-da Milli howpsuzlyk ministrligi bikanun tussag edilen raýaty türmeden boşadylanyndan soňam tussag ýagdaýynda saklamak üçin öňünden alada edipdir.

P.Allaberdiýew Akdaşdaky koloniýadan boşadylmazyndan biraz öň onuň ýanyna MHM-niň Oraz diýilýän işgäri geldi we ýuristiň ýurtdan çykmagynyň bäş ýyllap gadagan ediljekdigini aýtdy diýip, hukuk goraýjylar ýazýar.

Aýdylmagyna görä, türmeden boşap, Balkanabada gelen ýuristiň öňünden Maksat Ataýew diýilýän polisiýa ofiseri çykýar we ony polisiýa bölümine alyp gidýär. Bu ýerde onuň bilen polisiýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Meýlis Agöýliýew gürleşýär we daşary ýurda gitmegiň gadagandygyny, wagtly-wagtynda gelip bellik etdirmelidigini duýdurýar.

Özi ýurist bolan we kanunlary gowy bilýän Allaberdiýew özüne berlen jeza bilen baglylykda, türmeden boşadylandan soň gözegçilikde saklanmak zerurlygynyň ýokdugyny öňe sürýär. Emma oňa munuň “ýokardan berlen buýrukdygy”, şu sebäpden oňa hereket etmek hukugyny berýän resminamanyň berilmejekdigi aýdylýar.

Allaberdieýew şondan bäri özüne girizilen hereket çäklendirmelerini aýyrtmak üçin dürli guramalara, şol sanda Adalatça, ýagny adam hukuklary boýunça wekile, Baş prokuratura, MHM-ä, Migrasiýa gullugyna we Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýüz tutdy diýip, hukuk goraýjylar ýazýar.

Şeýle-de, hereket azatlygy hukugynyň dikeldilmeginden başga, Allaberdiew öňki işine dikeldilmegini ýa-da öňküsi ýaly iş bilen üpjün edilmegini talap edýär.

2020-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda ýyl kesilen, 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda günäsi geçilen Allaberdiýewiň kämillik ýaşyna ýetmedik gyzy, saglyk operasiýasyna mätäç aýaly, görmekden galan 78 ýaşly kakasy bar, ýuristiň özi gipertoniýadan ejir çekýär, ozal ençeme gezek Eýrana gidip, bejergi aldy, öňki tussagy hiç kim işe almaýar diýip, habarda aýdylýar.

Öňki ýyllaryň we häkimiýetler tarapyndan bikanun ýanalan raýatlaryň tejribelerinden görnüşi ýaly, Türkmensitanda häkimiýetlere kanuny talaplar esasynda ýüzlenip, anyk jogap almak kyn bolmagynda galýar, Aşgabat dünýäde iň bir ýapyk we repressiw ýurtlaryň biri hökmünde gazanan biabraýçylyygyndan dynmaga howlukmaýar diýip, synçylar aýdýar.

Türkmenistan daşary ýurtlardaky hukuk goraýjylaryň bu barada çap eden habarlaryna hiç bir reaksiýa bildirmeýär we, Azatlyk radiosynyň türkmen resmileri bilen gürleşmek, düşündiriş almak mümkinçiligi häzirlikçe ýok.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanabatly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýew “wezipeli şahsyň mertebesini kemsitmekde” aýyplandy. Oňa pul jerimesi salyndy
Syýasy tussag Gulgeldi Annanyýazowyň sürgün möhleti gutardy
Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Ýewropanyň iň beýik baýdagy rekordy täzelendi
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary