Aşgabat—Pariž ýolagçy howa gatnawynyň ýakyn aýlarda gaýtadan dikeldilmegine garaşylýar

Aşgabat—Pariž ýolagçy howa gatnawynyň ýakyn aýlarda gaýtadan dikeldilmegine garaşylýar

Türkmenistan ýakyn aýlarda Aşgabat bilen Parižiň arasynda ýolagçy howa gatnawyny gaýtadan dikeltmegiň üstünde işleýär. Muny Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew fransuz kompaniýalary bilen geçirilen Işewürlik duşuşygynda mälim etdi.

2013-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda hereket eden Aşgabat—Pariž howa gatnawy iki ýurduň arasyndaky iň amatly arabaglanyşyklaryň biridi diýip, B.Annaýew belledi.

Şeýle hem aerokosmos pudagynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygy dogrusynda durup geçmek bilen, Annaýew şu ýyl satyn alnan iki sany Airbus A330-200P2F ýük uçarynyň milli howa gatnawynyň önümçilik kuwwatyny ep-esli ýokarlandyrandygyny aýtdy.

Fransuzlaryň Thales Alenia Space kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde Türkmenistan öz aragatnaşyk hemrasy bolan ýurtlaryň sanawyna girdi. Milli hemra ýurduň çäginde ýokary tizlikli we ygtybarly aragatnaşyk, şeýle hem sebitdäki beýleki ýurtlara aragatnaşyk hyzmatlaryny bermäge mümkinçilik berýär.

Ýene degişli makalalar

О встречах делегации Туркменистана с бизнес-кругами Франции
Туркменистан и Франция развивают партнерство в области транспорта и связи
Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi daşary ýurt kompaniýalary bilen birnäçe resminamalara gol çekdi
Türkmentel 2022 halkara sergisi