Aşgabat şäher telefon ulgamy ÝGPJ-ti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşdy.

2020-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergi açyldy.

Sergide Türkmenistan döwletimizde garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan özgertmeleri, senagatda, oba hojalygynda, gurluşyk, energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda, söwda we hyzmat, maliýe we bank ulgamlarynda, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda ýetilen sepgitleri, şeýle hem ykdysadyýetiň hususy pudagynda öndürilýän ýokary hilli harytlary mahabatlandyrýan 70-den gowrak sergi ekspoziýalary gurnaldy.

Aşgabat şäher telefon ulgamy ÝGPJ-niň sergi stendinde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly alnyp barylýan işler we ýetilen sepgitler boýunça maglumatlar ýerleşdirildi. Esasan hem hyzmatlary amala aşyrmagyň Online usulýetini nazarlamak Aşgabat şäher telefon ulgamy ÝGPJ-niň sergi ekspozisiýasynyň merkezi mowzugy boldy.

Ýene degişli makalalar

AŞTU: Call center — siziň biznesiňiz üçin
Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Hünärim bar hormatym bar atly bäsleşik geçirildi
Aragatnaşykçy ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlaryna mynasyp boldular
Türkmenistanda kimler ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karzy alyp bilýärler, ýyly günlerden soň Türkmenistana sowuk howa aralaşar, Türkmenbaşyny we Bakuny deňizüsti fider ýük daşamalary birleşdirer
Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça deňiz ýük gatnawy ýola goýuldy
Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça geljek ýyldan fider gatnawlary ýola goýlar
Täze ýyl gijesi Türkmenistanda jemgyýetçilik ulaglary sagat 2:00-a çenli işlär, Putin we Berdimuhamedow GDA sammitinde duşuşdylar, AŞTU abonentlere aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleri öz wagtynda tölemelidigini ýatlatdy we beýleki habarlar