Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça deňiz ýük gatnawy ýola goýuldy

Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça deňiz ýük gatnawy ýola goýuldy

2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap Türkmenistanyň Deňiz söwda floty ÝGPJ Balkan ýük gämisini Türkmenbaşy — Baku — Türkmenbaşy ugry boýunça ýük konteýnerlerini daşamak üçin ulanar. Bu barada wzglyad.az saýtynda habar berilýär.

Häzirki wagta çenli Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda ýylda 400 000 konteýneri üstaşyr geçirmek üçin ähli şertleri döredildi. Şunuň bilen baglylykda, deňiz terminaly sagatda 15 konteýnere hyzmat etmäge ukyply STS görnüşli kranlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle-de konteýner eýelerine amatly şertleri döretmek maksady bilen, terminalda konteýnerleriň mugt saklanyş möhleti 60 güne çenli uzaldyldy.

Ýeri gelende bellesek, halkara ýükleri konteýnerleriň üsti bilen daşamak nyrh we wagt babatda amatly bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

2024-nji ýylda ilkinji gury ýük gämileri Türkmenbaşynyň deňiz portuna geldi
Deňiz söwda floty ÝGPJ 2023-nji ýylda 2,26 million tonna ýük daşady
Deňiz söwda floty ÝGPJ tarapyndan ähli gyzyklanýan taraplara daşary ýurt gämileri bunkerleme hyzmatyny hödürleýär
AŞTU: Call center — siziň biznesiňiz üçin
Aragatnaşykçy ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlaryna mynasyp boldular
Türkmenistanda kimler ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karzy alyp bilýärler, ýyly günlerden soň Türkmenistana sowuk howa aralaşar, Türkmenbaşyny we Bakuny deňizüsti fider ýük daşamalary birleşdirer