Deňiz söwda floty ÝGPJ tarapyndan ähli gyzyklanýan taraplara daşary ýurt gämileri bunkerleme hyzmatyny hödürleýär

Deňiz söwda floty ÝGPJ tarapyndan ähli gyzyklanýan taraplara daşary ýurt gämileri bunkerleme hyzmatyny hödürleýär

Deňiz söwda floty ÝGPJ Türkmenbaşy Halkara Deňiz portuna girýän daşary ýurt gämilerini dizel ýangyjy bilen bunkerleme hyzmatyny amala aşyrýar-diýip Türkmendeňizderýaýollary agentligi habar berdi.

Gämi ýangyjy bilen bunkerlemek hyzmatyny Türkmenbaşy Halkara Deňiz portunyň gämi duralgalarynda Serpaý tirkeg gämisi ýerine ýetirýär. Bu bolsa bunkerlemeden soň bellenen ugra tarap hereketi dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.

Deňiz söwda floty ÝGPJ goşmaça maglumat almak isleýänlere: 8 (243) 5-02-61 we elektron poçta salgysy: info@mmf.com.tm arkaly alyp biljekdiklerini ýatladýar.

Ýene degişli makalalar

“Deňiz söwda floty” gämilere porta barmazdan bunkerleme hyzmatyny hödürleýär
Deňiz söwda floty ÝGPJ 2023-nji ýylda 2,26 million tonna ýük daşady
2024-nji ýylda ilkinji gury ýük gämileri Türkmenbaşynyň deňiz portuna geldi
AŞTU: Call center — siziň biznesiňiz üçin
Türkmenistanda kimler ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karzy alyp bilýärler, ýyly günlerden soň Türkmenistana sowuk howa aralaşar, Türkmenbaşyny we Bakuny deňizüsti fider ýük daşamalary birleşdirer
Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça deňiz ýük gatnawy ýola goýuldy