Deňiz söwda floty ÝGPJ 2023-nji ýylda 2,26 million tonna ýük daşady

Deňiz söwda floty ÝGPJ 2023-nji ýylda 2,26 million tonna ýük daşady

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty ÝGPJ-niň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylda daşalan ýükleriň möçberi 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 19,7 göterim artyp, 2,26 million tonna deň boldy. Bu barada Türkmendeňizderýaýollary agentligi habar berdi.

Şeýlelikde, flotyň ýük daşamak boýunça 2023-nnji ýyl üçin ýyllyk meýilnamasy 130 göterim ýerine ýetirildi.

Mundan başga-da, ýük dolanyşygy 948,675 million kiloetr tonna deň bolup, bu görkeziji 2022-nji ýyldakydan 17,2 göterim ýokarydyr. Şunlukda, 2023-nji ýylda ýük dolanyşygy boýunça meýilnama 229,6 göterim berjaý edildi.

Ýolagçy gatnawy boýunça hem 53,9 göterim ösüş gazanylyp, bu ugurdaky görkeziji 9,185 million ýolagçy kilometre deň boldy. Şeýlelikde, ýyllyk meýilnama 255,5 göterim amal edildi.

Ýene degişli makalalar

Deňiz söwda floty ÝGPJ tarapyndan ähli gyzyklanýan taraplara daşary ýurt gämileri bunkerleme hyzmatyny hödürleýär
2024-nji ýylda ilkinji gury ýük gämileri Türkmenbaşynyň deňiz portuna geldi
AŞTU: Call center — siziň biznesiňiz üçin
Aragatnaşykçy ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlaryna mynasyp boldular
Türkmenistanda kimler ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karzy alyp bilýärler, ýyly günlerden soň Türkmenistana sowuk howa aralaşar, Türkmenbaşyny we Bakuny deňizüsti fider ýük daşamalary birleşdirer
Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça deňiz ýük gatnawy ýola goýuldy