Aşgabat şäherinde Türkmenistan we halkara hukugy: bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binasynda Türkmenistan we halkara hukugy: bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Foruma Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, halkara hukugy ulgamynda meşhur daşary ýurtly alymlar we bilermenler, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň belent münberinden öňe süren 2028-nji ýyly Halkara hukugy ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň häzirki zamanyň ählumumy howpsuzlyk binýadynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga hem-de döwletara gatnaşyklarynda BMG-niň Tertipnamasynyň ileri tutulmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigi aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistanyň halkara hukugynyň hökmürowanlygyna yzygiderli goldamak, köptaraplylyk ýörelgelerini, parahatçylykly dialogy we öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady.

Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar 2028-nji ýylyň Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan edilmeginiň döwletara gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny berkitmek boýunça tagallalary birleşdirmekde möhüm tapgyr boljakdygyny bellediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek atly Dubrownik forumyna gatnaşdy
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň EKOSOS-yň howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Kararnama kabul etdi