AŞGABATDA 28-NJI MARTDA TÜRKMEN TOPRAGY GADYMY MEDENIÝETLERIŇ MERKEZI ATLY METBUGAT MASLAHATY GEÇIRILER

AŞGABATDA 28-NJI MARTDA TÜRKMEN TOPRAGY  GADYMY MEDENIÝETLERIŇ MERKEZI ATLY METBUGAT MASLAHATY GEÇIRILER

Aşgabatda 28-nji martda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň çäklerinde Türkmen topragy gadymy medeniýetleriň merkezi atly metbugat maslahaty geçiriler.

Bellenilişi ýaly, bu çärä Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletlerden hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hyzmatdaşlary bolan daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Forumyň işi Türki medeniýetleriň birligi we onuň metbugatda tutýan orny, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy, Sanly media we habarlar, Filmler, animasiýalar we kinofestiwallar atly dört bölümde dowam eder.

Myhmanlar üçin taryhy ýerlere gezelençleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ajaýyp ýerleri bilen tanyşlyklary guramak, olaryň Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri atly halkara maslahatyň işine gatnaşmaklary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşygy göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmen topragy gadymy medeniýetleriň merkezi atly metbugat maslahatyny ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Onda halkymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan goşandyny giňden beýan etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň Medeniýet ministrleriniň Hemişelik Geňeşiniň mejlisi geçirildi
Birnäçe daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany gowşuryldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumdaky çykyşy
Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum başlandy
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Aşgabatda II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi