Aşgabatda TÜRKSOÝ-nyň howandarlygynda geçirilen bäsleşikleriň jemi jemlendi

Aşgabatda TÜRKSOÝ-nyň howandarlygynda geçirilen bäsleşikleriň jemi jemlendi

Aşgabat myhmanhanasynda 2024-nji ýylyň Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly we Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli düzme ýazmak ussatlygy boýunça hem-de türki dünýäniň ýaş suratkeşleriniň arasyndaky halkara bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Ýeňijilere baýraklaryň gowşurylyşy şatlykly pursatlara beslendi. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň yglan eden bäsleşikleriniň ýeňijileri halkara eminler topary tarapyndan saýlanyp seçildi we türki döwletleriň her biri boýunça aýratynlykda kesgitlenildi.

Dabarada ilki Magtymguly Pyragy akyldar we şahyr diýen mowzukda düzme ýazmak ussatlygyny görkezip, bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara baýraklar gowşuryldy.

Soňra Türki halklaryň medeni mirasy we Änew medeniýeti atly mowzukda türki döwletleriň ýaş suratkeşleriniň arasynda yglan edilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň atlary yglan edildi.

Bu bäsleşikleriň geçirilmegi türki dünýäniň ýaş nesilleriniň arasynda medeni dialogyň üstünlikli ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Parahatçylygyň ýaş çaparlary atly taslamasynyň V möwsümi tamamlandy
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň Döwlet kitaphanasyna myhmançylygy
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi
Türkiýede Türkmenistanyň Kino günleri geçirilýär
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog