Aşgabatda 65 ýaşdan ululylara täzeden sanjym edilýär

Aşgabatda 65 ýaşdan ululylara täzeden sanjym edilýär

Aşgabatda raýatlary täzeden sanjym etmäge başladylar. 31-nji ýanwardan ir sagat 8-den 13-e çenli “Saglyk öýlerinde” rus önümi bolan sanjymy urmaga başladylar diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Häzirki tapgyrda 65 ýaşdan ululylara sanjym edilýär. 30-31-nji ýanwarda saglyk öýleriniň işgärleri saglyk edarasyna ýazgyda duran bu ýaşdakylara telefon edip, sanjyma çagyrdylar.

23-nji dekabrda Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we senagaty ministrligi Russiýanyň “Sputnik Laýtyny” aýratyn sanjym şeklinde resmi hasaba aldy. Güýçlendiriji ýa-da buster sanjymy adatça, esasydan 6 aý geçenden soňra edilýän sanjymda urulýar.

24-nji dekabrda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň habar bermegine görä, Russiýa sanjymyň 10 müň dozasyny Türkmenistana mugtyna berdi.

28-nji ýanwarda Russiýanyň S-7 howa ýollary şirketiniň Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ýörite uçar gatnawynda türkmen tarapynyň koronawirusa garşy satyn alan “Sputnik-Laýt” sanjymlaryny Türkmenistana getiripdi.The post Aşgabatda 65 ýaşdan ululylara täzeden sanjym edilýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdan Moskwa barýan uçarlara bilet gytçylygy döredi
Russiýanyň ilçisi: Täze Prezident Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna üýtgeşmeleri girizmez
Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary tamamlandy, 97,12 göterim saýlawçy ses berlişige gatnaşdy
Türkmenistanda COVID-a garşy buster’ sanjymlary urulýar, uly nobatlar alym-berime ýol açýar
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen kärdeşlerini Diplomatik işgärleriň güni bilen gutlady
Russiýa Türkmenistana 800 müň döz “Sputnik Laýt” ýollady, olaryň 300 müňi muzdsyz