Russiýa Türkmenistana 800 müň döz “Sputnik Laýt” ýollady, olaryň 300 müňi muzdsyz

Russiýa Türkmenistana 800 müň döz “Sputnik Laýt” ýollady, olaryň 300 müňi muzdsyz

29-njy ýanwarda Russiýadan Türkmenistana 800 müň doz “Sputnik Laýt” sanjymy iberildi diýip 4-nji fewraldaky ýygnakda RF-niň DIM-niň maglumat we metbugat departamentiniň başlygy Mariýa Zaharowa habar berdi.

Zaharowanyň bellemegine görä, olaryň 300 müňi muzdsyz.

Geçen ýylyň 24-nji dekabrynda RF-niň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň habaryna laýyklykda, Russiýa Türkmenistana 10 müň doz “Sputnik Laýt”sanjymyny muzdsyz berdi.

Owal berlen habarlara görä, rus sanjymyny S7 rus howa ýollary şirketi Türkmenistana getirdi. Soňra ol Türkmenabatdan Moskwa ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy.

23-nji dekabrda Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we saglyk senagaty ministrligi “Sputnik Laýt”sanjymyny aýratyn sanjymlar we güýçlendiriji şeklinde hasaba alypdy.

Ýanwaryň ahyrlarynda Aşgabatda 65 ýaşdan ululylara täzeden sanjym etmäge başladylar.The post Russiýa Türkmenistana 800 müň döz “Sputnik Laýt” ýollady, olaryň 300 müňi muzdsyz first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

R.Meredow Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar
Mariýa Zaharowa Hamasa minnetdarlyk bildirdi
Zaharowa: "ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda barlygy durnuklylyk getirmez" diýdi
Telegram Dagystanyň aeroportuny basyp almaga çagyran kanaly petikledi
Russiýa Fransiýa Reaksiýa Bildirdi
Russiýa Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda baglaşylan ot açmazlyk ylalaşygy barada beýanat berdi
Ermensitan Öz Ýalňyşlyklarynyň Jogapkärçiligini Başgalarynyň Üstüne Ýükleýär