Russiýa: "ABŞ jogapkärçilige çekilmeli" dıvdı

Russiýa: "ABŞ jogapkärçilige çekilmeli" dıvdı

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa, paýtagt Moskwa şäherinde geçiren hepdelik metbugat ýygnagynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleler barada beýannama berdi.

Geçen hepde Iordaniýa-Siriýa serhedindäki bazada amerikan esgerleriň öldürilmegi bilen netijelenen waka bilen bagly soraga jogap beren Mariýa Zaharowa, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň, şol hüjüme garşylyk görkezjekdikleri bilen bagly beýanatyna ünsleri çekip: "Meniň pikirimçe, Baýden beýanatyny tamamlamady.

Waşington eden jenaýatlary sebäpli adamlaryň öňüne jogapkärçilik çekmeli.Näme üçindir Baýden köp ýurda we adamlara garşy elhenç jenaýat eden bikanun hereketleri üçin kanunyň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.Waşington eden jenaýatlary sebäpli jogapkärçilik çekmegiň wagty geldi.

Diňe güýç bilen jogap berip bilýärler.Ol bolsa ýagdaýyň çözülmeginiň ýerine, dartgynlaşmagyna sebäp bolýar" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanlylar Russiýada urlup-ýenjilen azerilere duýgudaşlyk bildirýär
Özbek mekdebinde dörän dil hadysasy Moskwa bilen güýçli çekeleşik döretdi
Krymda düýn guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy
Russiýa, Ermenistandaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy
Russiýa: "Ukraina Belgoroda hüjüm gurady" diýdi
Russiýanyň daşary işler ministri Hytaýda saparda bolýar
ÝB-niň Raýatlary Donbass Üçin Söweşmez