Russiýa: "Ukraina Belgoroda hüjüm gurady" diýdi

Russiýa: "Ukraina Belgoroda hüjüm gurady" diýdi

Belgorod sebitiniň häkimi Wýaçeslaw Gladkow Telegram hasabyndan beren beýanatynda, hüjümde 19 adamyň ýogalandygyny we 20 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda hem Ukrainanyň goşunynyň Belgorod şäherine garşy "terrorçylykly hüjüm" gurandygy bellendi.

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow ýurduň Döwlet baştutany Wladimir Putine Belgorod şäherindäki ýagdaý bilen bagly maglumat berilendigini aýdan bolsa, Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa Telegram hasabyndan "hüjümiň arkasynda Kiýewiň we Günbataryň" bardygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň daşary işler ministri Hytaýda saparda bolýar
Russiýa, Ermenistandaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy
Krymda düýn guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy
Özbek mekdebinde dörän dil hadysasy Moskwa bilen güýçli çekeleşik döretdi
Ýakyn Gündogardaky Ýagdaý ABŞ-nyň Çäresizligini Görkezýär
BMG-niň Baş sekretary BRIKS guramasyna gatnaşmak meýli barada habar berdi