Russiýanyň daşary işler ministri Hytaýda saparda bolýar

Russiýanyň daşary işler ministri Hytaýda saparda bolýar

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukraina uruşy, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we halkara meseleleri maslahatlaşmak maksady bilen Hytaýda saparda bolýar.

Sergeý Lawrow paýtagt Pekin şäherinde hytaýly kärdeşi Wan I bilen duşuşyk geçirdi.

Geçirilen duşuşyk bilen bagly entek taraplaryň hiç birinden beýanat berilmedi.

Russiýanyň daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa saparda ikitaraplaýyn we halkara ugurlardaky hyzmatdaşlyk ugurlarynyň ara alynyp maslahatlaşyljakdygyny habar berdi.

Saparyň Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putiniň şu aý Hytaýa guramagyna garaşylýan sapar üçin taýarlykdygy çak edilýär.

Ýene degişli makalalar

Lawrow Antalýa Diplomatiýa Forumyna Gatnaşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Zaharowanyň Uçary Bolgariýanyň Howa Giňişligine Kabul Edilmedi
R.Meredow Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar
Türkmen wekiliýeti Kazanda geçiriljek Owganystan boýunça Moskwa formatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşar
Zaharowa: "ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda barlygy durnuklylyk getirmez" diýdi