ÝB-niň Raýatlary Donbass Üçin Söweşmez

ÝB-niň Raýatlary Donbass Üçin Söweşmez

“Ulaltmalyň, uruş gutulgysyz däl. Parahatçylyk üçin ýaşaýarys, Ukrainany goldaýarys. Biz uruşa goşulmaýarys” diýen Borrell, halkyň ýerliksiz howasala düşürilmezligi üçin çagyryş etdi.

ÝB-niň Brýusseldäki sammitinde çykyş eden Borrell; “Ukraina goldaw etme zerurlygy gutulgysyz. Bu gidip Donbass üçin ölmek diýmegi aňlatmaýar. Biz ukrainalylara Donbassda ölmezlikleri üçin goldaw bermek barada aýdýarys. Ýa-da bombardymana sezewar bolanlarynda Kiýewde ölmezlikleri üçin” diýdi.

Borrelliň sözlerine Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharowa kinaýaly cogap berdi. Zaharowa Telegram kanalynda “Sebäbi olar öli, ikinci gezek ölmez” diýip ýazdy.

Fewral aýynyn ahyrynda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Ukraina goşun ugratmagyň ähtimaldygyny beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Gara deňizdäki tankerlere we Noworossiýske guralan hüjümler sebäpli Ukrainany aýyplaýar
Moskwa Russiýa-Ukraina parahatçylyk tagallalaryna ýer eýeçiligini eden Türkiyä minnetdarlyk bildirdi
Russiýa Ýewropany parahatçylyk gepleşikleri bökdemekde günäkärleýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Russiýanyň daşary işler ministri Hytaýda saparda bolýar
Russiýa: "Ukraina Belgoroda hüjüm gurady" diýdi