Lawrow Antalýa Diplomatiýa Forumyna Gatnaşar

Lawrow Antalýa Diplomatiýa Forumyna Gatnaşar

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, 1-3-nji martda geçiriljek 3-nji Antalýa Diplomatiýa forumyna gatnaşar.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa, paýtagt Moskwada beren beýannamasynda, Lawrowyň Türkiýä sapar gurajakdygyny aýtdy.

Zaharowa, “Lawrow, Türkiýäniň Daşary işler ministriniň çakylygyna laýyklykda Antalýa Diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin mart aýynyň 13-i aralygynda Türkiýede saparda bolar. Lawrowyň türk kärdeşi Hakan Fidan duşuşmagyna garaşylýar” diýdi.

Zaharowa, iki kärdeşiň duşuşykda Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda energetika, howpsuzlyk, bankçylyk we syýahatçylyk ýaly ugurlarda edilýän hyzmatdaşlyk, Ukrainada, Günorta Kawkazda we Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde Siriýa we Liwiýa meselesi hakynda pikir alyşjakdygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Russiýanyň daşary işler ministri Hytaýda saparda bolýar
Russiýa: "Ukraina ammiak turbasyny partlatdy" diýdi
Merkezi Aziýa döwletleriniň 170 müň raýaty Russiýanyň uniwersitetlerinde okaýar
Gara Deňiz Galla Geçelgesi Ylalaşygynyň Möhledi 18-nji Iýula Çenli Uzadyldy
Russiýada Amerikaly Žurnalist Tussag Edildi