Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Prezident Erdoganyň Russiýa we Ukraina çagyryşy: Diplomatiýa şans beriň” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ukraina-Günorta-Gündogar Ýewropa sammitine wideo ýüzlenme ugradandygyny ýazýar. Erdogan Russiýa-Ukraina söweşi hakynda; “Söweşiň adalatly we durnukly parahatçylyk bilen gutarmagy üçin diplomatiýa we dialoga şans berilmelidigi hakyndaky garaýyşym dowam edýär” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow Türkiýä gelýär” söz başyly habarynda, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharowanyň paýtagt Moskwada geçiren hepdelik metbugat ýygnagynda Daşary işler ministri Sergeý Lawrowuň Türkiýä sapar etjekdigini aýdyp; “Lawrow Türkiýäniň Daşary işler ministriniň çakylygyna laýyklykkda Antalýa Diplomatiýa Forumyna gatnaşmak üçin 1-2-nji martda Türkiýä sapar eder.

Lawrowuň türk kardeşi Hakan Fidan bilen duşuşmagy meýilleşdirilýär” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Resmi Afyny Türkiýeden ylham alyp, işe girişdi” söz başyly habarynda, Gresiýanyň, Türkiýäniň Kommunikasiýalar edarsaynyň halkara derejesinde çäreler guran “Türkiýe aragatnaşyk ülňüsiniň” gazanan üstünliginden ylham alyp, Galp habara garşy göreş merkezine meňzeş edara dörejekdiginiň mälim edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah”gazeti “Türkiýe balykçylykda 1 million tonna bilen rekord goýdy” söz başyly habarynda, Oba we tokaý hojalygy ministrliginiň Balykçylyk we deňiz önümleri edarasynyň Baş müdiri Mustafa Altug Atalaýyň balyk idedijiligi we aw önümlerinde geçen ýyl rekord goýulandygyny beýan edip; “Geçen ýyl 1 million tonna barabar balyk tutuldy. Şu ýyl 575 müň tonnadan gowrak öndürme maksadymyz bar” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Daşary söwda ýetmezçiligi azaldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hasabat guramasynyň daşary söwda görkezijilerini çap edendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär. Guramanyň görkezijilerine görä ýanwar aýynda daşary söwda ýetmezçiligi geçen ýylyň degişli aýyna görä 56,4 göterim aşaklap, 14,290 million dollardan 6,2 milliona dollara düşdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Rus Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Lawrow Antalýa Diplomatiýa Forumyna Gatnaşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny