Aşgabatda ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bellendi

7-nji iýulda Aşgabatda ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 247 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik çäresi guraldy. Ilçihananyň täze binalar toplumynda guralan dabara ýurdumyzyň hökümet agzalary, Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary hem-de köp sanly myhman gatnaşdy.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Klimow myhmanlary ilçihananyň täze binalar toplumynyň howlusynda garşylady. Her ýyl ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni ýurduň sebitlerine bagyşlanyp geçirilýär. Bu gezek bolsa, günbatar sebitine bagyşlanyp guralan dabarada myhmanlara kowboý (atly, gündelik işiniň köp bölegini at üstünde ýerine ýetirýän) başgaby we ýaglygy sowgat edildi.

Ilçihananyň howlusyna ABŞ-nyň günbatar sebitlerini ýatlatmak maksady bilen at hem getirilipdir. Mundan başga-da, ýurdumyzyň oba hojalygynda köp ýyllardan bäri ulanylýan “John Deere” we “Case” traktorlary hem goýlupdyr.

Dabarada ilçi Mettýu Klimow çykyş edip, ýurduň milli baýramynyň ähmiýeti barada belläp geçdi. Şeýle hem ol ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar barada gürrüň edip, geçen 31 ýylyň dowamynda ençeme ugurda hyzmatdaşlygyň ösdürilendigini belledi.

Ol ABŞ-nyň Türkmenistanda taryhy ýadygärlikleriň dikeldilmegi, maýa goýumlaryň çekilmegi, ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda gatnaşyklaryny has-da ösdürýändigini belledi.

Dabarada türkmen tarapyndan çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan ABŞ-nyň halkyny milli baýramy bilen gutlady.

R.Meredow öz gezeginde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ösdürilýändigini belledi. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň goşandynyň uludygy bellenilip, hususy pudagyň wekilleriniň yzygiderli saparlarynyň guralýandygyny mälim etdi.

Şeýle hem R.Meredow ylym-bilim ulgamynda alyş-çalyş maksatnamalarynyň üstünlikli ösdürilýändigini belledi.

Dabarada myhmanlara hödür-kerem edildi, şeýle hem şu günler ýurdumyzda bolýan amerikaly meşhur aýdymçy we sazanda Jeffri Stil öz aýdymlary bilen bu ýere gelenleriň göwünlerini galkyndyrdy.

Şu gün 8-nji iýulda aýdym-saz sungatynyň kantri žanrynda çykyşlary ýerine ýetirýän belli aýdymçy Jeffri Stil sagat 19:00-da paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgünde konsert berer.

Ýene degişli makalalar

Türkmeni̇standa “Zenan Telekeçiler Akademi̇ýasy” atly maksatnama işe başlady
Aşgabatda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy atly halkara maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar
Bitarap Türkmenistan döredijiligiň we parahatçylygyň ýurdudyr
Türkmenistanda Işewürlik-Adalatçysy edarasynyň döredilmegi meýilleşdirilýär
Türkmenistan owgan bosgunlaryny serhetden "geçirmeýär". "Talyban" Kabula gözegçilik edýär