Aşgabatda agyz suwuny arassalaýjy täze desganyň açylyş dabarasy boldy

Aşgabatda agyz suwuny arassalaýjy täze desganyň açylyş dabarasy boldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kuwwatlylygy bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan Bagtyýarlyk agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desganyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda amala aşyryldy diýip, TDH habar berýär.

Desganyň suw üpjünçiligi Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän, göwrümi 1 million kub metr bolan açyk görnüşli suw howdanyndan gözbaş alýar. Howdanda tebigy usulda durlanan suw birinji suw göteriji bekediň awankamerasyna özakymly akyp gelýär. Bu beketde dünýäniň öňdebaryjy KSB kompaniýasynyň enjamlary ornaşdyryldy. Soňra suw agyz suwuny arassalaýjy desgasyna iberilýär, zyýansyzlandyrylýar we süzgüç howuzlaryna akdyrylýar.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde ulanylan tehnologiýalar Ýewropa Bileleşiginiň Iň gowy tehnologiýalar we Iň gowy ekologik tejribeler resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelýär.Bu desgadan alnan we barlaghanalarda seljerilen suwuň düzümi Türkiýäniň standartlaryna, Halkara standartlaşdyrma guramasynyň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň standartlaryna laýyk gelýär.

Munuň özi bu suwuň daşky gurşaw we adamyň saglygy üçin zyýansyzdygyny subut edýär.Bularyň ählisi degişli Güwänamada öz beýanyny tapdy.

Aşgabat şäherinde döwrebap Bagtyýarlyk agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň ulanyşa girizilmegi Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Watanymyzyň täze taryhynda ýene bir möhüm sahypany açyp, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Suw diplomatiýasy — Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň möhüm ugry
Tallymerjen sardobasy
Aşgabatda sanawlar boýunça azyk önümleri satylýar, "paýoklar" öýlere gowşurylýar
Aşgabatda häkimiýetler azyk nobatlarynyň wideoýazgy edilmezligi üçin çäre görýär
Aşgabatda iki hepde içinde ikinji çaganyň jesedi tapyldy
Aşgabatda iki hepde içinde ikinji çaganyň jesedi tapyldy