Tallymerjen sardobasy

Tallymerjen sardobasy

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Tallymerjen geňeşliginde ýerleşýän Tallymerjen sardobasy abat saklanyp galan sardobalaryň biri bolup, ol gadymy Buhara-Kelif söwda ýolunyň ugrunda ХVI asyrda agyz suw üpjünçiligini döretmek maksady bilen bina edilipdir.

Onuň gurluşy Orta Aziýa gümmezleriniň möçberine görä tegelekdir.Ymaratyň diwarynyň galyňlygy 1,65 metr bolup, onuň daşky diametri 15.8 metr, içki diametri 12.5 metr gümmeziniň beýikligi bolsa 7,65 metre deňdir.

Bu ýadygärlik ýerli ilat arasynda Seňir suwlak, ylmy çeşmelerde bolsa Tallymerjen sardobasy diýlip atlandyrylýar.Onuň gümmeziniň, esasyny, kerpiçleriň hilini, umuman sardobanyň gurluşyny synlanyňda bu desgany bina etmek üçin orta asyrlar döwrüniň arhitektura sungatynyň iň gowy nusgalaryna ýüzlenendigi görünip dur.

Sardobanyň tegelek gümmeziniň aşagynda ýygnanan suw şemallap durar ýaly, onda sekiz sany ýörite penjireler goýulypdyr.Onuň demirgazyk-günbatar tarapynda peştag bolup, ol öňe çykarylypdyr. Şol tarapdan hem sardobanyň içine esasy sil suwlary akdyrylypdyr.

Sardobanyň diwarlaryndan başlap, tä gümmezine çenli 25x25x5 sm ölçegdäki bişen kerpiçlerden gurulypdyr.Onuň gurluşygy orta asyrlar eýýamynyň Orta Aziýa sardobaçylyk sungatynyň adaty görnüşine eýe bolup, aşaky böleginiň diwarlary gümmeziniň möçberine görä tegelekdir.

Howdanynyň aşagyna suw siňmez ýaly birnäçe gat kerpiç düşelipdir.Tallymerjen Sardobasy Orta Aziýa sardoabaçylyk sungatynyň iň gowy nusgasy bolup, suw gurluşyk desgasy hökmünde uly ähmiýete eýedir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenulaggözegçilik döwlet kärhanasy halkara gatnawlaryny amala aşyrýan ýük awtoulag serişdelerine daşary döwletleriň rugsatnamalaryny Türkmenistanda berip başlar
Türkmenulaggözegçilik döwlet kärhanasy halkara gatnawlaryny amala aşyrýan ýük awtoulag serişdelerine daşary döwletleriň rugsatnamalaryny Türkmenistanda berip başlar
Prezident Berdimuhamedow S.Nyýazowyň hormatyna atlandyrylan etraplaryň, şäherçeleriň we şäherleriň atlaryny üýtgetdi
27.11.2017 | Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Lebap welaýatynda döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak meselesine seredildi