Aşgabatda azyk paýlary alty aý bäri paýlanmaýar

Aşgabatda azyk paýlary alty aý bäri paýlanmaýar

Balkan welaýatynda häkimiýet wekilleriniň döwlet dükanlarynda ilata hödürlenilýän ýeňillikli azyk paýlarynyň ýatyrylmagy boýunça teklipler bilen çykyş etmeginiň yz ýany, aşgabatlylar ýeňillikli azyk paýlarynyň eýýäm alty aý bäri berilmeýändigini aýdýarlar.

"Häkimiýetler azyk paýlarynyň ýatyrylandygy ýa ýatyrylmandygy barada hem hiç zat aýtmaýarlar" diýip, Parahat-7 etrapçasynyň ýaşaýjysy anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysyna aýtdy.

Habarçymyzyň tassyklamagyna görä, şäheriň "Hitrowka" sebitine bolsa, ýeňillikli azyk paýlary şu ýylyň fewral aýynyň ortalaryna çenli paýlandy. Ýöne soňky iki aý bäri bu sebitiň ýaşaýjylary hem azyk paýlaryndan mahrum edilýär.

Şol bir wagtda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ilat un, şeker we ýumurtga ýaly ýeňillikli azyk paýlaryny wagtal-wagtal satyn alyp bilýär.

"Döwlet dükanlarynda 1 kilogram un 1 manatdan, şeker 12 manatdan we bir guty ýumurtga 18 manatdan satylýar. Ilata paýlanýan ösümlik ýagynyň bahasy hususyýetçileriňki bilen deň bolup, 20 manat bahalanýar" diýip, kakaly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanda kesgitli möçberlerde un we ösümlik ýagy ýaly esasy iýmit önümleri azyk paýlary hökmünde döwlet dükanlarynda arzan bahadan raýatlara hödürlenilýär.

Ýöne geçen hepde Balkandaky habarçymyz welaýatyň tas ähli etraplarynda, şäher we oba ýerlerinde häkimiýet wekilleriniň ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşyp, ýeňillikli azyk paýlarynyň ýatyrylmagy boýunça teklipler bilen çykyş edýändigini habar berdi.

Şonda resmiler şeýle tekliplerini “halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy hem-de bagtyýar zamanada’ ýurtda emele gelen azyk bolçulygy we elýeterliligi” bilen delillendirmäge çalyşdylar.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýeňillikli azyk paýlarynyň köp hojalygyň güzeran eklenjine saldamly goşant goşýandygy, köp maşgalanyň bu önümlere garaşlydygy barada Azatlygyň dürli sebitlerdäki habarçylary yzygiderli maglumat berýärler.

Bellesek, ýurt häkimiýetleri ilata ýeňillikli azyk paýlaryny, ýagny kesgitli möçberdäki şekeri, ýagy, ýumurtgany we towuk buduny arzan bahadan satmak düzgünini mundan alty ýyl çemesi ozal girizdiler. Ýöne 2022-nji ýanwaryndan häkimiýetler bu azyk paýlarynyň köpüsini ýatyryp, döwlet dükanlarynyň aglabasynda şekeriň, ýumurtganyň, towuk budunyň bahasyny bazar nyrhy bilen deňleşdirdiler. Şondan bäri ilat döwlet dükanlaryndan un we ýag ýaly azyk paýlaryny ýeňillikli bahadan satyn alyp bilýär.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanandygyny aýdyp, 2019-njy ýylda ozal ilata mugt berlen elektrik energiýasy, tebigy gaz, suw we beýleki ýeňillikleri hem ýatyrdylar.

Harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň ýokarlanmagy, hususan-da, güzeran eklenji gowşak maşgalalara, işsizlikden kösenýän, aýlyk girdejileri bazar sebedine gabat gelmeýän raýatlara zarba urdy. Agyr-durmuş ykdysady şertleriň arasynda, ýurtda dilegçilik edýän we zir-zibil dörýän raýatlar göz-görtele köpeldi.

Türkmen hökümeti dowam edýän ykdysady kynçylyklary, giň ýaýran işsizligi, azyk gymmatçylygyny we munuň ilatyň durmuşyna ýetirýän täsirlerini aç-açan boýun alman gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Çärjewde ýasama partlaýjynyň partlamasynda ölenleriň sany 4-e ýetdi; 36 adam ýaralandy
Aşgabatly mekdep okuwçylary bilen daş görnüşleri barada düşündiriş ýygnaklary geçirilýär
Aşgabadyň ýaşaýjylary köpçülikleýin toý-tomaşa çärelerine gadaganlykdan para bilen sowa geçmäge synanyşýarlar. Emma, bu mydama başartmaýar
COVID çäklendirmelerine garamazdan, Berdimuhamedowyň garyndaşlary bilen ilteşikli kafe, restoranlar işlemegini dowam edýärler
Çeker 'gazamadyndaky' golýazmalara türk-terjime çykalgasy, has uly bazar 'açylýar'
Aşa yssy howada ilatyň elektrik üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär