Aşgabatda baýramçylyk at çapyşygynda çapyksuwar heläk boldy

Aşgabatda baýramçylyk at çapyşygynda çapyksuwar heläk boldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen at çapyşygynda bir çapyksuwar öldi. 28-nji sentýabrda Aşgabatda bolan bu pajygaly waka barada garaşsyz “Turkmen.news” neşiri habar berdi.

“Turkmen.news” 28 ýaşyndaky çapyksuwar Ylham Saparowyň döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň Halkara Ahal-Teke atçylyk toplumynda geçirilen ýaryşda atyndan ýykylandygyny habar berdi.

Maglumatda "çapyksuwar keselhana äkidildi, ýöne ol iki sagatdan soň öldi. Onuň boýny döwüldi we at döşüne basdy" diýilýär.

Neşir çeşmelerine salgylanyp, hadysanyň ýüze çykmagy zerarly ýaryşlaryň ýatyrylmandygyny, diňe onuň soňky tapgyrynyň giç başlandygyny habar berdi. "Çäräniň ahyryna çenli hiç kime pidanyň ölendigi aýdylmady. Ýöne ýaryşlardan soň ähli çapyksuwarlar sorag edildi, Saparowyň atynyň ýagdaýy seresaplylyk bilen barlandy. Şeýle-de bolsa, atyň öňem agsak bolandygyny ýa-da ýaryşdan soň agsandygyny aýdyp bolmaýar "- diýip, Turkmen.news çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri pajygaly waka barada habar bermediler, häkimiýetler bu wakany kommentirlemediler.

"Türkmenportal" onlaýn neşirinde prezidentiň baýragy ugrundaky ýaryşlarda göreşiň "ajaýyp we tolgundyryjy" bolandygy habar berildi. Neşir ýeňiji-çapyksuwarlara prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan 300 000 manatlyk esasy baýragy öz icine alýan uly pul baýraklarynyň gowşurylandygyny habar berdi. Jemi 900000 manatlyk baýragyň ugrundaky 70 bäsdeş 7 tapgyra 10 adamdan gatnaşypdyr.

Garaşsyz neşir öz çeşmelerine salgylanyp, ölen Ylham Saparowyň öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň eýeçiligindäki atda çapandygyny habar berdi. "Turkmen.news" "Çeşmeler Saparowyň adaty bir çapyksuwar däldigini aýdýarlar. Onuň kakasy Derýa Saparow öňki prezidentiň şahsy atşynasy wezipesini ýerine ýetirýär" - diýip habar berýär.

Neşiriň habaryna görä, merhum Bagyr obasynda jaýlanypdyr, hoşlaşyk dabarasyna ýokary derejeli resmiler hem gatnaşydyr.

Türkmenistanda döwlet senelerinde baýramçylyk at çapyşyklary däbe öwrüldi.Soňky onýyllyklaryň dowamynda özüni tejribeli atşynas we çapyksuwar hasaplaýan öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk pudagyny öz gözegçiliginde saklady.Geçmişde Berdimuhamedow çapyksuwar hökmünde at çapyşyklaryň birnäçesine gatnaşyp, mydama ýeňiji yglan edildi. 2021-nji ýylda ýurduň häzirki prezidenti Serdar Berdimuhamedow atçylyk pudagynda öz kakasynyň mirasdüşeri boldy we sähel wagtdan soň 2022-nji ýylyň martynda döwletiň başyna geçdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Älem medeni-dynç alyş merkezi Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilýän konserte çagyrýar
Türkmenistandaky rus raýatlary RF-niň prezident saýlawyna gatnaşdy
Mekdeplerde sapaklar pandemiýadan öňki tertipde okadylýar, maska talaby saklanýar
Türk uniwersitetlerinde okaýan türkmen studentleri wiza üçin ençeme resminama ýygnamaly
Haýwanlaryň goragy üçin geçirilen çäre jemlendi; jandarlara rehim meselesi saklanyp galýar
'Türkhowaýollary' sentýabrda Türkmenistana 9 sany çarter reýsini amala aşyrmagy planlaşdyrýar