Aşgabatda “Biz dürli, biz deň!” atly inklýuziw festiwal geçiriler

15-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Aşgabat seýilgähinde Birleşen Milletler Guramasy ýerli jemgyýetçilik guramalary we Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde “Biz dürli, biz deň” atly festiwal geçirýär.

Festiwal her bir adamyň özüni jemgyýetiň bir bölegi hökmünde duýup biljek howpsuz we inklýuziw gurşawy döretmäge bagyşlanan. Şeýle hem bu çäre Bütindünýä Maýyplar gününe (3- nji dekabr) gabat gelýär we deňlik hem elýeterlilik meselelerine üns çekmäge gönükdirilendir.

Festiwalyň çäklerinde woleýbol, inklýuziw uly tennis, stol tennisi, küşt we şaşka oýunlary, gaýa dyrmaşmak we sport oýunlary geçiriler. Şeýle-de çagalar üçin surat bäsleşigi, wiktorinalar, akwagrim, maýyplygy bolan ussatlaryň sungat we senetçilik sergisi guralar. Bu ýere gelenlere aýdym-saz we tans çykyşlary, fleşmob ýaly gyzykly güýmenjeler garaşýar.

Ýene degişli makalalar

Lebaply maýyplar: Lukmanlar mugt berilmeli dermanlar üçin reseptleri ýazmakdan boýun gaçyrýar
W.Hajiýewiň Aşgabatda Rişard Komenda bilen duşuşygy geçirdi
BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk
BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň wekili Türkmenistana sapar bilen geldi
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Türkiýe Paralimpiýa boýunça suwda ýüzmek çempionatynda 5 medala eýe boldy