BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň wekili Türkmenistana sapar bilen geldi

BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň wekili Türkmenistana sapar bilen geldi

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini, şol sanda kabul edilen borçnamalarynyň we Türkmenistanyň gatnaşýan adam hukuklary babatda halkara konwensiýalarynyň düzgünnamalarynyň ýerine ýetirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işi bilen bagly meseleler barada maslahatlaşyldy. Ýurduň Adalatçynyň edarasynyň mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmegi boýunça hereketlere, bilim ugrundaky maksatnamalara we sebitleýin çäreleri geçirmäge gatnaşmaga taýýardygy bellenildi.

W.Hajiýew bilelikdäki hereketleriň möhüm ugrunyň BMG-niň şertnamalaýyn edaralaryna hasabatlary taýýarlamak bolup durýandygyny nygtady. Şu ýyl Türkmenistan iki sany resminamanyň: Zenanlara garşy hukuk kemsitmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak barada Konwensiýanyň we Maýyplaryň hukuklary barada Konwensiýanyň degişli komitetleriniň tekliplerini durmuşa geçirmek boýunça nobatdaky hasabatlaryny ibermegi meýilleşdirýär.

Türkmenistana saparynyň dowamynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda şeýle hem Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynda, Bilim ministrliginde, Içeri işler ministrliginde we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda duşuşyklary geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Lebaply maýyplar: Lukmanlar mugt berilmeli dermanlary ýazyp bermekden ýüz öwürýärler
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy sebitlere sapar edip, ýurduň syýasat sahnasynda barha işjeňleşýär
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Türkiýe Paralimpiýa boýunça suwda ýüzmek çempionatynda 5 medala eýe boldy
Maýyplygy bolan adamlar jaý almak üçin 'ýa para bermeli, ýa-da jaýsyz oturmaly'
Maýyplygy bolan adamlar jaý almak üçin 'ýa para bermeli, ýa-da jaýsyz oturmaly'
Marynyň polisiýasy köpçülikde gedaýçylyk edýän adamlary nyşana alýar