Aşgabatda Biz dürli, emma deň atly festiwal geçirildi

15-nji noýabrda paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň birinde ýerleşýän Aşgabat seýilgähinde Biz dürli, emma deň atly inklýuziw festiwal geçirildi. Soňky dört ýyl bäri yzygiderli geçirilýän bu çäre Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hökümeti we ýerli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guraldy.

Festiwal Bütindünýä maýyplar gününe bagyşlanyp, amatly gurşawyň döredilmeginiň mümkinçiligi çäkli bolan adamlaryň jemgyýetçilik durmuşyna doly gatnaşmagyny üpjün edýändigini görkezmegi maksat edinýär.

Seýilgähiň çägi sport we güýmenje, maglumat we bilim, aýdym-saz we döredijilik ýaly birnäçe tematiki meýdançalara bölünip, diwarlyklardaky mümkinçiligi çäkli bolan adamlar tarapyndan döredilen çeper suratlar, ýumşak oýnawaçlar, senetçilik önümleri çäre gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Tennis, aň-paýhas oýny hasaplanýan küşt boýunça geçirilen bäsleşikler örän gyzykly boldy.Mundan başga-da çärä gatnaşanlar özleriniň aýdym we tans boýunça çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Festiwalyň çäginde “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy özüniň daşky gurşawy goramaga, oňa aýawly çemeleşmäge gönükdirilen diwarlygyny ýaýbaňlandyrdy. Guramanyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan zehini kämilleşdirmäge, tutanýerliligi, üşükliligi döretmäge gönükdirilen oýunlar festiwalyň gyzykly pursatlaryny döretdi. Şu ýerde oýunlar üçin ähli esbaplaryň gaýtadan işlenen materiallardan taýýarlanandygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň maksady tebigata jogapkärli garaýşy wagyz etmekden ybarat bolup durýar.

Festiwala işjeň gatnaşan raýatlarymyza guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu çäre adamlar, olaryň bagtyýar durmuşy hakyndaky aladanyň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň ýene bir subutnamasyna öwrülip, oňa gatnaşanlarda ýakymly ýatlamalar galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Biz dürli, biz deň!” atly inklýuziw festiwal geçiriler
MOSKWANYŇ DUTARYŇ OWAZY ATLY IX HALKARA SUNGAT FESTIWALYNYŇ JEMLEÝJI ÇÄRELERI GEÇIRILÝÄR
14-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Wenada geçirilen Bütindünýä orkestr festiwalynda türkmen sazandalary Altyn baýraga mynasyp boldular
29-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen sungat ussatlary Samarkandda geçiriljek Gündogaryň sazlary festiwalynda çykyş ederler