Aşgabatda bolan iki ýol hadysasynda bir çaga öldi, başga bir çaganyň ykbaly nämälim

Aşgabatda bolan iki ýol hadysasynda bir çaga öldi, başga bir çaganyň ykbaly nämälim

Türkmenistanda adam pidalaryna getiren ýol hadysalarynyň ýene ikisi boldy. Aşgabatda geçen hepde aýrybaşga günlerde we ýerlerde bolan iki ýol heläkçiliginde bir çaga heläk boldy, başga-da bir çaga ýaralandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmelerimiz 19-njy iýulda paýtagtdan maglumat berdiler.

Ýol heläkçilikleriniň biri 15-nji iýulda agşam sagat 8:30 töwereginde Atamyrat Nyýazow şaýolunuň (öňki Çehow köçesi) ugrunda boldy.

Döwlet belgili jemgyýetçilik awtobusy kiçi köçeden Atamyrat Nyýazow şaýoluna geçende, ýoluň ugrundaky gyz çagany kakdy.

“Ýokary tizlikde gelýän awtobus 13-14 ýaşyndaky çagany batly kakyp, ilki 4-5 metr orta zyňdy, soňra-da üstünden depeläp geçdi. Wakanyň bolan ýerine gelen saglyk we polisiýa işgärleri çaganyň şol ýerde jan berendigini anykladylar” diýip, heläkçilige şaýat bolan aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Şaýatlaryň birnäçesiniň aýtmagyna görä, waka bolanda gyz çaga pyýadalar üçin ýörite geçelgelerden geçmän, ýoluň çem gelen ýerinden geçip barýardy.

“Bu ýagdaý sürüjiniň ünssüz wagtyna gabat gelen çemeli” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Geçen hepde Parahat-7 etrapçasynda ýerleşýän bazaryň öňündäki köçede hem ýol heläkçiligi boldy. Şonda ýeňil awtoulag sürüjisi köçe çyrasynyň gyzyl yşygynda perwaýsyz geçip, ýoldan geçip barýan maýyp arabasyndaky bir rus çagany kakdy.

Wakada rus çagasynyň diňe ýaralandygy ýa-da heläk bolandygy häzirlikçe belli däl. Azatlyk çaganyň saglyk ýagdaýyny anyklamaga çalyşýar.

Şeýle-de, Azatlyga sürüjileriň ykbalyny anyklamak hem häzirlikçe başartmady. Redaksiýamyzyň bu barada Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginden kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we oňa degişli edaralary ýurduň çäginde hasaba alynýan ýol ýa-da otly hadysalary barada halka hasabat bermeýärler. Berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri hem, ýurtda bolýan ýol heläkçilikleri baradaky maglumatlary ilat köpçüligine ýetirmeýär.

Ýöne Azatlyk şu ýylyň başyndan bäri ýurduň dürli sebitlerinde 10-dan gowrak ýol, otly hadysalarynyň bolandygyny we bularda 30-dan gowrak adamyň heläk bolandygyny habar berdiler.

Hususan-da, soňky aýlarda bu hadysalar baradaky maglumatlaryň sany artdy. Bu ýol heläkçilikleriniň aglabasy ýurduň welaýatlaryny paýtagt ýa-da beýleki sebitler bilen birleşdirýän gara ýollarda hasaba alyndy.

10-njy iýulda Daşoguz-Lebap awtomagistralynyň ugrunda bolan ulag hadysasynda bäş adam, şol sanda dokuz aýlyk göwreli gelin heläk boldy. 7-nji iýulda Aşgabat-Mary awtomagistralynyň ugrunda bolan iki ýol hadysasynda ýedi adam, şol sanda tutuş bir maşgala heläk boldy.

Geçen aý Aşgabat-Daşoguz awtomagistralynyň ugrunda iki ýeňil awtoulagyň pete-pet çakyşmagy netijesinde bolan ýol hadysasynda dört adam heläk boldy.

Türkmenistan indi ençeme ýyl bäri her ýylyň 1-nji sentýabryndan 30-njy sentýabry aralygynda “ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygyny” geçirýär. Türkmen hökümeti biraýlygyň “ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna we ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisininiň howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilendir” diýýär. Ýöne türkmenistanlylaryň ençemesi munuň “polisiýanyň raýatlardan we sürüjilerden para almagynyň biraýlygyna” öwrülýändigini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Köýtendag-Kerki gara ýolunyň ugrunda bolan ýol hadysasynda bir polisiýa işgäri öldi
Papua Täze Gwineýada bolan çaknyşyklarda 53 adam ýogaldy
Hindistanda ýaragly adamlar magdan käniniň 10 işgärini zamun aldylar
Türkmenistanyň giňişligine birden aşa sowuk howa aralaşdy
Hindistanda boýag önümçilik ussahanalarynyň birinde ýangyn boldy
Azerbaýjan, Ermenistanyň Pozisiýalaryna Garşy Operasiýa Geçirdi