Türkmenistanyň giňişligine birden aşa sowuk howa aralaşdy

Türkmenistanyň giňişligine birden aşa sowuk howa aralaşdy

Türkmenistandaky sowuk howa, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly birden geldi. 25 gradus maýyl howa bir gije-gündizde nola düşdi we aşaklap başlady. Ýurduň käbir bökelerinde aýazly howada ýagan ýagyş doňaklyk döretdi. Azatlygyň Lebapdaky habarçylary howanyň adamlaryň gündeki durmuşyna ýetiren täsiri barada maglumat berýärler.

"Howa birden sowady. 15 fewralda +25 gradus maýyl bolan bolsa, 16-njy fewralda birden nola golaýlady. 17-nji fewralda Lebap welaýatyndaky howa hemmäni haýran galdyrdy.Bir gün ozalky güýçli şemalyň we howanyň sowamagynyň yzýany buz ýaly ýagyş ýagdy. Ýagýan ýagyş dessine doňa öwrüldi, bar ýerde doň damjalar emele geldi.

Awtoulagdaky howa ölçeýji - 1 gradus görkezýär, asmandan ýagyn ýagýar, bar ýeri awtomobilleriň üstüni we daragtlary dessine doň ortýär" diýip, Türkmenabatdaky habarçymyz gürrüň berdi we ýerli ýaşaýjylaryň şeýle ýagyşy diňe Orsýetde görendigini belledi.

Ýagan ýagyşyň netijesinde köçeleri, ýollary we ýodalary örten buz we binalaryň üçeklerinden akan suwuň doňmagy zerarly emele gelen buz bölekleri ýaşaýjylary üçin howply ýagdaýy döretdi.

"Günüň dowamynda ýagan ýagyş suwy doňdy. Awto awariýa köpeldi, ýollar taýgançak boldy. Adamlar iş ýerlerine barýança köçelerde ýykylyp, eline, aýagyna zyýan ýetiren adamlar köp boldy. Hassahanalara ýüz tutýanlaryň sany adatdakysyndan 10 esse köpeldi" diýip, lukmanlar bilen gürleşen habarçymyz aýdýar.

Habarçymyz bilen gürleşen polisiýa işgärlerine görä, soňky günlerde Türkmenabatda bolan awtomobil awariýalaryň sany birnäçe esse köpelipdir.

"Awto awariýalaryň sany 20 esse köp boldy.Iň ýaramaz hadysa 17-nji fewralda irden 6-dan 7 aralygynda.Amyderýanyň awtomobil köprüsiniň üstünde 8 sany awtoulag çaknyşdy.

Köpriniň üç ýerinde bir wagtda awtomobiller çaknyşdy, jemi 8 awtoulag ýol hadysasyna uçrady.Sürüjiler dürli hili şikes aldy.Wakanyň bolan ýerine Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni alyş gulluklary baryp, heläkçilige uçran ulag sürüjilerine ilkinji kömegini berdiler" diýip, anonim gürleşen türkmenabatly polisiýa işgäri gürrüň berdi we awariýa uçran awtoulaglaryň arasynda hem ýeňil transportyň, hem-de ýük daşaýan yzy tirkegli agyr ulaglaryň bolandygyny belledi.

Köprüde bolan ulag hadysasynyň birine şaýat bolan türkmenabatly sürüji görenleri barada habarçymyza şeýle gürrüň berdi: "Irden doň ýagyş ýagýar.Farap gümrügine tarap barýan daşary ýurtly ýük ulagynyň öňünde bir ýeňil awtoulag ýoluň doňandygyny görüp, tizligini peseltmek üçin tormoza basýar, onuň yzyndaky ýük ulagy hem tizligini peseltmekçi bolanda onuň yzyndaky tirkegi gapdala taýyp ýoly keseligine ýapýar.

Netijede onuň garşysyndan gelýän "Toyota Carolla" tirkegiň aşagyna girýär.Hut kinodaky sahnalary ýada saldy".

Çeşmeleriň maglumatyna görä, Türkmenabadyň köprüsinde bolan ulag heläkçilikleriniň netijesinde demir haýatlaryna zeper ýetipdir, ýollarda dyknyşyklar emele gelipdir. Ýerli resmileri bu hadysalary kommentirlemedi. Bu barada habar beriş serişdelerinde habar çap bolmady.

Mary welaýatynda howanyň sowamagy bilen gar ýagdy.

"Ir bilen ýollar sürçek bolýar, turbalar doňup ýarylýar. Ene-atalar öz çagalaryny mekdebe ugratmadylar. Mekdep klaslarynyň içi sowuk, köçeler batga, çagalary arkaýyn ýöreder ýaly däl, ýollaryň bar ýeri çukur, asfalt ýollar hem çukurly" - diýip, Marydaky habarçymyz aýdýar.

Baýramaly etrabynyň Guşly geňeşliginiň ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, sowuk howada jaýlaryň gaz üpjünçiligi gowşapdyr, elektrik togunyň kesilýän pursatlary köpelipdir. Ýaşaýyş jaýlary ýylatmak problemasy döräpdir. Çetki obalaryň ýaşaýjylary bolsa şu çaka çenli öýlerini odun ýakyp ýyladýarlar.

Mundan daşary sowuk howa oba ýaşaýjylarynyň ýetişip barýan hasyly baradaky aladalaryny artdyrdy. Käbir ýaşaýjylar ýyladyşhanalaryndaky pomidor, bulgar burç ýaly gök-önümlerini halas etmek üçin odun ýakýarka, beýlekiler melleklerdäki ýer almasyny goramagyň ugruna çykýar.

"Biz ekin meýdanlaryna we öz işigimizdäki mellege ýanwaryň 9-na howa gowy gyzdy diýip, ýeralmany ekmek netijä geldik, sowuk dolanar öýtmedik, emma şu gije -10 gradusa çenli sowajagy howa maglumatynda aýdyldy.

Biz işikdäki mellek ýerimize ekilen ýeralmamyzyň üstüne sygyr ýatakdan çykan dersi düşedik. Ýöne köp hojalykda ders hem problema, şol sebäpden yzgarly topraga aýazyň gelmegi köp hojalyklaryň we daýhan birleşikleriniň gekdarlap eken ýer almalaryny sowuk urmak ähtimallygyny döredýär" diýip, Guşly obasynyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Türkmenistanda adatdan daşary howa şertleri we onuň ilatyň durmuşyna täsiri barada adatça resmi habar berilmeýär. Emma bu sapar ýurduň ilatyna howanyň üýtgemegi barda öňünden gytaklaýyn habar berildi.

TMCELL mobil operatorynyň müşderilerine 16-njy fewralda ugradylan SMS habarynda: "Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde elektrik-gaz enjamlary ulanylanda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmelidigiňizi, öýüňizden we iş ýerleriňizden gitmezden öň, olary öçürmelidigiňizi ýatladýarys!" diýlip duýduryldy.

Sowukda ýyladyş ulgamy köplenç sandan çykýar we ilat elektrik we gaz enjamlary bilen öýlerine ýylatmaga synanyşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Kelle agyrysyna tebigy bejergiler…
Azatlyk - türkmenleriň 'öz sesi' 70 ýaşady
Eyyam Group HK polatdan tekje ulgamlaryny öndürýär
Garagumyň obalarynda uzakly gün ýagan ýagyş elektrigiň kesilmegine, köçelerde batgalyklaryň döremegine getirdi
Sowukda gaz üpjünçiligi köne abzallar’ sebäpli togtady, Türkmengazda ençeme resmi tussag edildi’
Sowukda gaz üpjünçiligi köne abzallar’ sebäpli togtady, Türkmengazda ençeme resmi tussag edildi’