Germaniýa Goranmak pudagy bilen bagly çykdajylaryny artdyrmak barada karara geldi

Germaniýa Goranmak pudagy bilen bagly çykdajylaryny artdyrmak barada karara geldi

Germaniýanyň Baş ştabynyň başlygy Karsten Broýer "Welt am Sonntag" gazedine beren beýanatynda, "uruşa taýar ýagdaýa gelmegiň" tapgyrdygyny belläp: "Emma biziň çäksiz wagtymyz ýok, sebäbi Sowuk söweşiň gutarmagyndan bäri ilkinji gezek ähtimal bir söweş bize daşarydan aýdylýar. Analitikleri diňlänimde we Russiýadan harby howp abanmagynyň mümkindigini görenimde, bu biziň üçin 5 bilen 8 ýyl aralygynda taýýarlyk wagtyny aňladýar" diýip nygtady.

Onuň şol wagt söweş başlajakdygy manysyna gelmeýändigini aýdan Karsten Broýer: "Emma bu mümkin we harby bolandygym üçin 5 ýylyň içinde söweşe taýyn bolmagymyzyň zerurdygyny aýdýaryn" diýip belledi.

Germaniýa 2 ýyl ozal Russiýa-Ukraina urşy başlanandan soň, goranmak bilen bagly çykdajylaryny uly mukdarda artdyrmak barada karara geldi we ösen ýarag ulgamlaryny satyn almak we ýaragly güýçlerini döwrebaplaşdyrmak üçin 100 milliard ýewro ýörite gazna döretdi.

Hökümet Amerikan önümi bolan F-35 harby uçarlaryny, Chinook transport dikuçarlaryny we Ysraýyl önümi bolan Arrow-3 raketa goranyş ulgamyny satyn almak ýaly köp sanly şertnama gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Waşington sammitinde Tramp bilen Merkezi Aziýa ýurtlary möhüm minerallar boýunça ylalaşyga geldi
Wagt olara täsir etmeýär
GDA: Belarusda howa salkynlady, Ermenistanda sowady
2023-nji ýyl iň köp ýaragly çaknyşyklaryň başdan geçirilen ýyllaryň biri boldy
Ýurda aralaşan sowuk howa akymy golaýda ekilen ýazlyk ýeralmalaryna zyýan ýetirdi
Türkmenistanyň giňişligine birden aşa sowuk howa aralaşdy